Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Özbegistanyň raýatyny sud edýär


16 sany adam terrorçy guramalary goldamakda aýyplanyp sud edilýän Özbegistanyň raýatynyň işine garamak üçin hemmişeki oturdaşlar toparyna 13-nji iýulda saýlanyp alyndy.

2009-njy ýylda Özbegistany terk eden ors dilli ulag sürüji Fazliddin Kurbanow 2013-nji ýylda ABŞ-nyň häkimiýetleri tarapyndan tussag edildi. Amerikan häkimiýetleri Kurbanowy adamlara transportda we beýleki köpçülikleýin ýerlerde bombalary ýerleşdirmegi öwretmekde aýyplady.

Kanun çykaryjylar öniň öýünde el granatalary, harby enjamlary we partlaýjy serişdeleri tapdy.

Prokurorlar Kurbanowyň Birleşen Ştatlara yslam hereketini goldamak üçin barandygyny aýdýarlar.

Kurbanow özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG