Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: 'Talyban' bilen bagly orsýet raýaty sud ediler


 Irek Hamidullin
Irek Hamidullin

“Talybanyň” ABŞ-nyň Owganystandaky goşunlaryna garşy amala aşyran hüjümleri bilen baglylykda sud edilýän Orsýetiň raýatynyň öz işine ABŞ-nyň Wirginia ştatynda federal sudda garalmazlygyny sorap eden arzy ret edildi.

ABŞ-nyň etrap sudunyň sudýasy Henry Hudson 13-nji iýulda Irek Hamidulliniň özüniň uruş ýesiridigini aýdyp, öz işine raýat sudunda garalmazgyny sorap eden arzyny ret etdi.

Sudýa “Talybanyň” we oňa ýakyn terrorçy toparlaryň ýolbaşçylygynyň gurluşygynyň anyk däldigini we olaryň urşuň şertlerine boýun bolmaýandygyny aýtdy.

Hamidullin terroçlyk bilen bagly özüne ýöňkelýän 15 aýyplamany ret edýär. Onuň işine 27-nji iýulda garalar.

ABŞ-nyň resmileri Hamidulliniň Sowet Soýuzynyň Owganystanda galan uruş weterany bolup, “Talybana” goşulandygyny aýdýarlar. Ol 2009-njy ýylda owgan serhedinde amerikan esgerleri tarapyndan ele salnypdy.

XS
SM
MD
LG