Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň sudy gapma-garşy bilim kanunyny ýatyrdy


Türkiýäniň Konstitusion sudy hususy bilim beriş merkezleriň müňlerçesini ýapmagy talap edýän gapma-garşy kanuny ýatyrdy.

Sud bu kanunyň Konstitusiýa ters gelýändigi baradaky öz kararyny 13-nji iýulda yglan etdi.

2014-nji ýylyň mart aýynda parlament tarapyndan kabul edilen kanunda 2015-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli bilim beriş hususy merkezleriň ýapylmagy talap edildi.

Bu çärä prezident Rejep Taýyp Erdoganyň ABŞ-da ýerleşýän yslam ruhanysy Fethullah Gulene garşy täze ädimi hökmünde seredilýär. Gulen Türkiýedäki hususy bilim merkezleriniň köpüsine gözegçilik edýär.

Erdogan Güleniň polisiýadaky we sud sistemasyndaky tarapdarlaryny öz hökümetiniň geçen ýylda korrupsiýada aýyplanmagyna gatnaşmakda aýyplady. Gülen muňa gatnaşygyny ret edýär.

XS
SM
MD
LG