Sepleriň elýeterliligi

Hodizoda: "Türkiýe Halimowy tutup bilerdi"


Gulmurod Halimow

Gulmurod Halimow

Täjigistanyň Daşary işler ministrligi türk-siriýa serhedinde tutulan graždanlarynyň kimdigini anyklamaga synanyşýar. Täjigistan respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat bölüminiň başlygy Abdulfaýz Atoi, Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, söweşleriň dowam edýän sebiti bolan Türkiýe bilen Siriýäniň arasyndaky serhetde tussag edilen täjik graždanlarynyň kimdiginiň anyklanmagy babatda türk howpsuzlyk organlaryna haýyşnama iberilendigini bildirdi. Atoi Täjigistanyň türk tarapynyň gysga wagtda jogap bermegine garaşýandygyny mälim etdi.

Hökümet: Biz bäş graždanymyzyň tussag edilmegini isläpdik

Türk metbugatynda beýan edilen habarda howpsuzlyk işgärleriniň geçiren operasiýasynda Türkiýe-Siriýa serhedindäki Gaziantep diýen şähere gidip barýan bir awtobus saklanypdyr we aglabasy Täjigistanyň raýaty bolan 25 sany daşary ýurtly tussag edilipdir. Tussag edilenleriň aglabasy öz dogan-garyndaşy bilen gidip barýan ekenler.

Täjigistanda aýdylyşyna görä, bir hepde mundan owal Siriýa serhedinden geçjek bolan bäş sany täjik graždany saklanyp, yzyna Türkiýä iberilipdir.

Häzirlikçe operasiýada tussag edilen 25 sany daşary ýurtlynyň arasynda şol bäş adamyň hem bolup-bolmandygy belli däl.

"Türk hökümetine habar beren adamlarymyzyň arasynda bir är-aýal bilen olaryň iki sany kämillik ýaşyna ýetmedik çagasy we maşgalanyň dosty, bir erkek adam bar. Bizdäki maglumata görä, aýaly adamsynyň özüni Siriýa äkidip barýandygyndan habarsyz eken. Onuň adamsy bolsa ýanyndaky radikal dostunyň täsirine düşüpdir" diýip, Azatlyk Radiosynyň Täjigistanyň howpsuzlyk organyndaky çeşmesi habar beripdir.

Ene atalaryň dady-perýady

Türkiýede 25 sany daşary ýurtlynyň tussag edilendigi baradaky habar, beýleki tarapdan, mundan bir aý owal Siriýä gitmek üçin ýola çykandan soň ýiten çagalaryndan habar alyp bilmeýän ene-atalary begendirýär.

Hatlonyň ýaşaýjysy Jurahon Gawürow 21 gün mundan owal Russiýada ýitirim bolan oglunyň Türkiýäniň üstünden Siriýä gidendigini çak edýär. Ogly ejesi bilen ahyrky gezek telefonda gepleşende, ylaýta-da "jyhat we musulmanlyk" barada köp gürrüň edipdir. Şol telefon gürrüňdeşliginden soň ogly jaň etmäni goýupdyr. Olar, onuň şondan soň Siriýä gidendigini güman edip, gaty gorkupdyrlar.

"Eger tussag edilenleriň arasynda biziň oglumyz hem bar bolsa, onda, goý, ol Täjigistana yzyna dolansyn. Biziň başga islegimiz ýok. Siriýa gitmegi ýüregine düwmedik bolsun hernä, mundan Hudaý saklasyn. O taýda biziň çagalarymyzy öldürýärler. Olaryň läşi hiç kime gerek däl. Goý, oňa bu ýerde zyndan garaşýanam bolsa, meniň oglumy sag-aman yzyna, öýüne ibersinler. Öz ýurdunda bolany gowudyr" diýip, onuň kakasy aýdypdyr.

"Türkiýe tutmaly adamlary tutanok"

Köp sanly täjik söweşijisi öz internet ýüzlenmelerinde Siriýa Türkiýäniň serhediniň üsti bilen barandyklaryny aýdýarlar. Propagandaçylar, söweşe gatnaşmak isleýän meýletinlere diňe Türkiýä çenli gelmäge çagyryş berýärler we ondan soňky ýagdaýy olaryň gaýgy etmeli däldigini, ýagny öz işleridigini nygtaýarlar.

Dini problemalar baradaky hünärmen Faridun Hodizoda, türk howpsuzlyk güýçleriniň şeýle sebäp bilen adamlary tussag etmegine ýa-da saklamagyna gözboýagçylyk üçin ýöne bir edilen işdigini we aslynda hakyky maksada eýermeýändini öňe sürýär. Onuň aýtmagyna görä, ol ýurt "Yslam döwleti" atly topardan pul we syýasy bähbitler görýär.

"YDYL, Türkiýä howp salýan kürt azatlyk hereketini durşy bilen ýok etdi. YDYL-niň hut Türkiýäniň territoriýasyndan peşmerga güýçlerine aýgytlaýjy hüjüm edendigi barada maglumat bar. Şonuň ýaly-da bar bolan maglumata görä, Türkiýe ol ýaragly toparlardan gaty arzan bahadan nebit alýar we onuň deregine Ankara olary ýarag bilen üpjün edýär. Olar munuň üstüni ýapmak üçinem, hamala, garşy çäre görýän bolan bolup, on adamy tutan kişi bolýarlar. Meniň pikrimçe, olar aslynda tutmaly adamlary tutanoklar. Eger olar çynlakaý göreş alyp barýan bolsadylar, onda hökman şeýle adamlary we Gulmurod Halimowy hem tutardylar" diýip, Hodizade gaty ynamly gürleýär.

YDYL ýaragly toparynyň hataryndakylaryň aglabasy diýen ýaly Täjigistandan Russiýa giden zähmet migrantlarydyr. Soň olar Russiýadan Türkiýä gidýärler. Hökümetiň çaklamagyna görä, olaryň sany iň azyndan 400 adam we olardan 130 sanysynyň ölendigi hem resmi taýdan tassyklanan.

XS
SM
MD
LG