Sepleriň elýeterliligi

Molla Omar parahatçylykly gepleşikleri öňlady


Owganystanda “Talybanyň” lideri Molla Omar Kabulyň hökümeti bilen parahatçylykly gepleşikleri “kanuny” diýip atlandyrdy.

Remezan baýramçylygynyň öňüsyrasynda 15-nji iýulda ýaýradan maglumatynda Molla Omar “eger biz dini kadalarymyza seretsek, duşmanlar bilen duşuşyklaryň we hatda parahatçylykly aragatnaşyklaryň gadagan edilmeýändigini görüp bileris” diýýär.

Molla Omar gepleşikleriň maksadynyň Owganystanyň daşary ýurtly goşunlar tarapyndan “basylyp alynmagynyň soňuna çykmakdan ybarat bolandygyny” sözüniň üstüne goşdy.

Owganystanyň Ýokary parahatçylyk geňeşiniň agzalary we “Talybanyň” wekilleri geçen hepdede Pakistanda duşuşyk geçirip, parahatçylyk hem ýaraşyk maksatly ilkinji resmi gepleşiklerini geçirdiler.

“Talyban” we beýleki yslamçy ýaragly toparlar 2014-nji ýylyň aýagynda daşary ýurtly goşunlaryň köpüsiniň Owganystany terk etmeginden soň ýurtda hüjümlerini güýçlendirdiler.

XS
SM
MD
LG