Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň harby nokatlary: elýeterlilik anyk däl


Eýranlylar Eýran ylalaşygynyň baglanyşylmagyny gutlaýarlar

Eýranlylar Eýran ylalaşygynyň baglanyşylmagyny gutlaýarlar

Eýran bilen gelnen ýadro ylalaşygy bir esasy meseläni doly aradan aýyrmagy başarmadyga meňzeýär. Ylalaşygyň amala aşmagyny agyr synag astyna salmak töwekgelligine garamazdan, bu meselä indi iş ýüzünde çözgüt tapylmaly.

Jedelli problema halkara inspektorlaryna Eýranda ýadro işleriniň alnyp barylýan ýerlerini baryp ýerinde barlamaga nädereje ýol beriljekdigi.

Bu ýerleriň käbiri harby bazalar. Birleşen Milletler Guramasynyň Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň inspektorlaryna ýadro işjeňligi bar diýlip güman edilýän ýerleri, öňünden habar etmezden, baryp görmäge hukuk berilmeli diýen talaba Tähran bütin gepleşikleriň dowamynda garşy çykyp geldi.

Ýokary ýolbaşçy Aýatolla Ali Hameneýi 20-nji maýda harby bazalaryň barlanmagyny ret edeninden soň hödürlenen iň gowy teklip - Tähranyň "dolandyrylýan elýeterlik" diýýäni boldy.

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçy metbugata munuň inspektorlaryň gözüni baglamak ýa-da Eýranyň harby syrlaryny mälim etmegi mümkin zatlaryň üstüni basyrmak ýaly manylary aňladýandygyny aýtdy.

Ýöne bu çäklendirmeler şol bada Waşington tarapyndan ret edildi. 8-nji iýunda Amerikanyň döwlet sekretarynyň orunbasary Antony Blinken elýeterlilik bolmasa, Birleşen Ştatlaryň ylalaşygy kabul etmejekdigini bildirdi.

Iki tarap arasyndaky tapawudyň uludygy sebäpli Wena gepleşikçileri kompromis tapmaly boldular.

Habar gulluklarynyň bildirmegine görä, Eýran bilen dünýäniň alty sany güýçli döwleti - Birleşen Ştatlar, Orsýet, Hytaý, Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa - ylalaşypdyrlar. Bu ylalaşyk boýunça BMG-niň inspektorlary harby ýerleri baryp görmegi sorap, haýyş edip bilýärler. Ýöne Tähran Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň bu soragyna garşy çykyp bilýär. Ylalaşyk tapylmasa, bu mesele Eýran bilen beýleki alty döwletiň wekillerinden düzülen araçy toparyň garamagyna berilýär.

Bu çemeleşişiň çynlakaý jedellerde taraplaryň hiç birini kanagatlandyrmazlyk howpy ýok däl. Ýöne onuň hem Waşingtonda hem-de Tähranda Wena ylalaşygyna garşy adamlaryň tankyt oduny ölçermegi-de mümkin.

Günbatarda ylalaşygy tankytlaýanlar harby ýerleri barlamak haýyşynyň araçy topara berilmegi Eýrana şübheli ýadro işleri baradaky subutnamalary barlagdan öň aýyrmaga ýol açar diýip delil getirip bilerler.

Tahranda hem alty döwlet bilen gepleşik geçirilmegine garşy çykyp gelen konserwatiwleriň inspektorlaryň haýsy ýerleri barlamalydygy barada karar kabul etmek ygtyýarynyň araçy topara tabşyrylmagy ýurduň milli howpsuzlygyny howpa salar diýip delil getirmegi mümkin. Sebäbi bu toparyň içinde Birleşen Ştatlar-da bar, Eýran bolsa oňa düşmançylykly güýç diýip garaýar.

Iki tarapyň-da resmileri ylalaşygy taryplamak bilen bu aladalary aradan aýyrmaga synanyşdylar.

Eýranyň Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif ony "taryhy" ylalaşyk diýip, gutlady. Amerikan prezidenti Barak Obama hem ylalaşygy täze ugra hereket etmek üçin bir pursat diýip atlandyryp, "biz bu pursady elden bermeli däl" diýdi.

Ýöne käbir meseleler barada çekeleşikli gepleşikleriň mümkindigini göz öňüne getireniňde ylalaşygyň güýji we onuň aýak üstünde durmaga ysgyny baradaky hakyky synaglar entek öňde ýatana meňzeýär.

XS
SM
MD
LG