Sepleriň elýeterliligi

"Auşwitz hasapçysy" türmä höküm edildi


Oskar Groening, aprel, 2015

Germaniýanyň sudy Nasistleriň Auşwitz (Oswensim) konslageriniň 94 ýaşly öňki sakçysyny dört ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

15-nji iýulda Lueneburg şäheriniň sudy konslageriň hasapçysy hökmünde tanalýan Oskar Groeningi 1944-nji ýylda azyndan 300 müň ýewreýiň öldürilmegine gatnaşykda günäli tapdy.

“Ahlak günäsini” boýun alan öňki Nazi SS ofiseri konslagere eltilen adamlaryň el goşlaryny ýygnamaga we ýanyndaky pullaryny SS-iň Berlindäki edaralaryna ibermäge jogapkär bolupdy.

Groening 14-nji iýulda sudda konslagerde işlän döwri üçin ötünç sorady.

1940-njy we 1945-nji ýyllaryň aralygynda Auşwitz-Birkenau konslagerinde 1 milliondan gowrak adam, esasan ýewropaly ýewreýler ölüpdi.

XS
SM
MD
LG