Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ dalaşgärleri Eýran ylalaşygyna garşy


ABŞ-nyň 2016-njy ýylyň prezidentlik saýlawlaryna dalaşgärler 14-nji iýulda prezident Barak Obamanyň goldamagynda Eýranyň ýadro programmasy boýunça ylalaşyga gol çekilmeginden soň Eýran babatynda berk çykyş etdiler.

Bu ylalaşyk öňde baryjy dalaşgärlerden diňe biri – Demokratik partiýasy tarapyndan öňe sürlen Hillary Rodman Klinton tarapyndan goldandy.

Emma hatda Klinton hem respublikan garşydaşlary ýaly Eýranyň her bir ýalňyş ädimi üçin basyş etmäge taýýarlyk bildirdi.

Respublikan dalaşgärleriniň köpüsi wezipä geçen badyna ilkinji etjek işiniň ylalaşygy ýatyrmakdygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG