Sepleriň elýeterliligi

logo-print

18 ýaşly oglanlaryň ýokary okuw çäklendirmesi


Türkmen talyplary

Türkmen talyplary

Türkmenistanyň ýaşy 18-e ýeten we harby gullugy geçmedik erkek jynsly graždanlary mundan beýläk, öňürti harby gullugy geçmezden, daşary ýurtlara okamaga gidip bilmezler.

Bu barada Azatlyk Radiosyna Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap harby wekilliginde maglumat berildi.

Bu maglumatdan çen tutulsa, şu ýyl orta mekdepleri tamamlan oglanlaryň ýokary bilim almak hukuklary çäklendiriler. Çünki, ýurtda orta bilimiň möhleti 11-12 ýyla ýetirilensoň, mekdepleri tamamlaýan okuwçylaryň ählisi diýen ýaly 18 ýaşlarynda bolýarlar.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, bu täze düzgün barada ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerinde hiç hili maglumat berilmeýär.

Şeýle-de harby gullugy geçmedik erkek kişileriň näme sebäpden daşary ýurda okuwa goýberilmeýändiginiň arkasynda ýatan sebäpler barada hem harby wekilligiň resmilerinden nähilidir bir düşündiriş almak başartmady.

Azatlyk Radiosy 18 ýaşy dolan we harby gullugy geçmedik türkmenistanly erkek kişileriň daşary ýurtlara okuwa goýberilmeýändigi dogrusynda kommentariý almak üçin Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy bilen habarlaşanda, degişli resmi bu barada “hiç zat aýdyp bilmejekdigini” aýdyp, goşmaça maglumat bermekden saklandy.

Şu ýyl ýurduň harby bolmadyk 19 sany ýokary okuw jaýlaryna 7 müň 128 adam kabul ediler. Şol bir wagtda on müňlerçe türkmenistanly daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda hem bilim alýarlar. Täze düzgüne görä, indi harby gullugy geçmedik erkek kişiler bu mümkinçilikden mahrum bolýarlar.

Belläp geçsek, bu täze düzgün ýokary okuw jaýlary we harby gulluk bilen bagly kabul edilen kararlaryň iň täzesidir.

Mundan öň, geçen ýyl, ozal ýokary okuw jaýlarynyň käbirlerinde açylan harby kafedralar ýapyldy. Geçen ýylyň ahyrynda bolsa ýokary bilimli graždanlar üçin harby gullugyň möhleti hem iki ýyla ýetirildi. Ýogsa öň ýokary bilimliler üçin gulluk möhleti bir ýyldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy boýunça ýurduň raýaty bolan her bir erkek adam üçin ählumumy harby borçlulyk bellenen. Türkmenistanda harby gulluga 18-30 ýaş aralygyndaky erkek kişiler hökmany çagyrylýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG