Sepleriň elýeterliligi

"Şyh Temur" 16 ýyl azatlykdan mahrum edildi


"Şyh Temur"

"Şyh Temur"

Täjigistanyň ýokary kazyýeti 8-nji iýulda özüni ýasama (toslama) "pygamber" diýip yglan eden Saidmahdihon Sattorow hakynda karar kabul etdi. Ol etmişli we günäli hasaplanyp 16 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

"Şyh Temuryň" aklawçysy Mawludhon Salihow Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda sud işine Duşenbäniň 1-nji nomerli zyndanynda ýapyk ýagdaýda garalandygyny aýdypdyr. Şeýle karar, 30-njy iýunda döwlet garalawjysy Dilafruz Ismoilowyň kazyýetden suduň Saidmahdihon Sattorowy 18 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek jezasyny bermegi sorandan soň, kabul edildi.

"Şaýh Temur" lakamy bilen meşhurlyk gazanan Saidmahdihon Sattorow, 7-nji iýulda kazyýet özüne ahyrky sözüni aýtmaga mümkinçilik berende, özüniň garrylygynyň göz öňünde tutulyp, azatlyga goýberilmegini sorapdyr. Galyberse-de, Saidmahdihon Sattorow suddaky ahyrky sözünde "şaýatlara özi tarapyndan hiç hili haýbat atylmasa-da, basyş edilmese-de, suda çagyrylan şaýatlaryň hiç biriniň özüne ýöňkelen günäleri tassyklamandygyny aýdýar”.

Saidmahdihon Sattorow şol sanda özüniň illeriň mülklerini basyp alandygy baradaky aýyplamalaryň hem hiç hili fakta esaslanmaýandygyny belläpdir. Sud mahalynda ol şeýle sowal hem beripdir: "Täjigistanda 1978-nji we 1979-njy ýyllarda nirede mülkleriň bahasy 150 müň dollar bolupdyr?". Soňra-da ol kazyýetden, "özüniň garrylygyny göz öňünde tutup, özüni azat etmegi" sorapdyr.

Tursunzade etrabynyň 65 ýaşyndaky ýaşaýjysy Saidmahdihon Sattorow geçen ýylyň 16-njy fewralynda baş kazyýetiň buýrugy esasynda tussag edilipdir.

Saidmahdihon Sattorow özi barada ýarym sagatlyk film görkezilenden 10 gün geçensoň tussag edilipdir. Ol filmi döwlet howpsuzlyk gullugynyň düşürendigi öňe sürülýär.

Filmde gürrüň berlşine görä, 65 ýaşyndaky ruhanynyň ýedi sany aýaly bar. Ol 2012-nji ýylda öz "Temur" diýen adyny "Saidmahdihon" görnüşinde üýtgedipdir. 2011-nji ýylyň ahyrynda we 2012-nji ýylyň başlarynda ol özüni ahyrzamanyň mesihi "Ymam Mehdi" diýip yglan edipdir. Filmiň esasyny goýanlar "Şyh Temury" "dini aldawçylykda" aýyplaýarlar we onuň göreldesine eýerýänleriň-de gök atynjaly gezýändiklerine ünsi çekýärler.

Filmde gürrüň berlşine görä, Sattorow we onuň tarapdarlary öz alyp baran işleri bilen ýüzlerçe adamy aldap, olaryň arkasyndan özlerine ullakan baýlyk edinipdirler, özlerine eşretli durmuş şertlerini döredipdirler. Filmde şeýle-de ryhy näsazlyklary bejerýändigi aýdylan "Şyh Temuryň" aýallaryndan biri görkezilipdir.

Saidmahdihon Sattorow 1950-nji ýylda Bahdat şäherinde doglan. Soň ol Gisar jülgesine göçüpdir we Tursunzade etrabynyň Asbob atly obasynda ýaşapdyr. Häkimýetleriň tassyklamagyna görä, onuň şol bir wagtyň özünde Şahrinaw we Gisar etraplarynda hem öýleri we aýallary bar.

XS
SM
MD
LG