Sepleriň elýeterliligi

Ermenistan baş kanunyny üýtgetmekçi


Ermenistan ýurduň häzirki syýasy sistemasyny üýtgedip, parlament sistemasyna öwürmek boýunça teklip edilýän konstitusion üýtgeşiklikleriň böleklerini köpçülige hödürledi.

Konstitusion reformalar boýunça ýörite komissiýa 15-nji iýulda konstitusiýanyň taslamasyndan ýedi maddany çap etdi.

Teklip edilýän üýtgeşiklikleriň arasynda prezidentiň hiç partiýa degişli bolmadyk dalaşgärler sanawyndan kanunçykaryjylardan hem ýerli resmilerden düzülen “ýörite ses berijiler” tarapyndan saýlanmagy, we onuň ýedi ýylyň dowamynda gaýtadan saýlanmak mümkinçiliginiň bolmazlygy ýaly çäreler öňe sürülýär.

Ýerine ýetiriji häkimiýet premýer-ministre tabşyrylmaly we ol parlament tarapyndan hödürlenip, prezident tarapyndan bellenmeli.

Konstitusion üýtgeşiklikler boýunça ýylyň aýagynda referendum geçiriler.

XS
SM
MD
LG