Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko awtonomiýa planyny hödürledi


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, 15-nji iýul, 2015.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, 15-nji iýul, 2015.

Prezident Petro Proşenko Ukrainanyň günorta-gündogar regionlaryna awtonomiýa bermek barada konstitusion üýtgeşiklikleri parlamente hödürledi.

Parlamentiň websaýtynda çap bolan maglumata görä, teklibiň taslamasy konstitusiýada Donetsk we Luhansk regionlaryň ýörite statusy boýunça bölekleri öz içine alýar.

“Ukrainska Prawda” gazetiniň 16-njy iýulda habar bermegine görä, Poroşenko konstitusion reformalar baradaky teklibini öňe sürmek kararyna ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Wiktoria Nulandyň 15-nji iýulda eden saparynyň yzýany gelipdir.

ABŞ-nyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleri Poroşenkony Minsk ylalaşygyndaky şertlere görä, Donbas regionyna özüni dolandyrmaga ygtyýar bermek boýunça konstitusional reforma geçirmäge ündäp gelýärler.

Orsýet Kiýewiň Minsk ylalaşygyny berjaý etmän, uruşdan ejir çekýän Ukrainanyň gündogaryna awtonomiýa bermezligini tankyt edýär.

Poroşenkonyň häkimiýeti merkezleşdirmezlik barada 1-nji iýulda öňe süren konstitusion üýtgeşikligi Donbas üçin ýörite statusy öz içine almaýar.

XS
SM
MD
LG