Sepleriň elýeterliligi

“Gazprom” Aşgabada pul tölemeýär


Aşgabat “Gazprom” kompaniýasynyň “tölege ukypsyz hyzmatdaşa” öwrülendigi aýdylýar.

Aşgabat “Gazprom” kompaniýasynyň “tölege ukypsyz hyzmatdaşa” öwrülendigi aýdylýar.

Orsýet Türkmenistana ençeme ýylyň dowamynda satyn alyp gelen tebigy gazy üçin indi tölemeli puluny tölänok diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta Kawkaz boýunça öňki orunbasary we Azerbaýjandaky ozalky ilçisi Matýu Bryza (Matthew Bryza) aýtdy.

“Trend” neşirine beren interwýusynda Bryza –Türkmenistanyň köp wagtdan bäri Russiýanyň möhüm hyzmatdaşy bolandygyna garamazdan, energiýa meselelerine gezek gelende, türkmen-rus gatnaşyklarynyň eýýäm birnäçe wagtdan bäri agyr günleri başdan geçirýändigini belledi.

Matýu Bryza

Matýu Bryza

Çarşenbe güni beren interwýusynda ABŞ-nyň ozalky ilçisi hususan-da: “Russiýa Türkmenistan bilen baglaşylan şertnamany bozup, şu ýyl bary ýogy 4.5 milliard kubometr gaz satyn aldy. Şertnama boýunça bu görkeziji 70 milliard kub metre deň bolmalydy” diýip, “Russiýa bu [alan] az möçberdäki gazy üçin hem tölemeli puluny tölemedi” diýp, sözüniň üstüne goşdy.

Matýu Bryza sözüni dowam etdirip: “Şeýle hereket edilen mahaly, umumy ynamy we ygrarlylygy weýran edýärsiň. "Gazprom" muny edip, Türkmenistan üçin ynamly hyzmatdaş bolmak mümkinçiliklerine uly zarba urdy” diýdi.

Gepiň gerdişine görä bellesek, geçen hepde resmi Aşgabat Orsýetiň “Gazprom” kärhanasy bilen bagly maliýe ýagdaýlardan nägileligini bildirip, iki gezek beýanat bilen çykyş etdi.

8-nji iýulda Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrliginiň resmi internet saýtynda çap edilen beýanatda “Gazprom” kompaniýasynyň “tölege ukypsyz hyzmatdaşa” öwrülendigi aýdylýar.

Türkmen tarapynyň sözlerine görä, rus kompaniýasy tebigy gaz satyn almak boýunça baglaşan şertnamasynyň şertlerini ýerine ýetirmeýär, ýagny 2015-nji ýylyň başyndan bäri “Türkmengaz” döwlet konsernine gaz bergilerini töläp bilmeýär.

Gürrüňi gidýän bu beýanatda Russiýa akdyrylan gaz we töleg barada anyk sanlar berilmese-de, mundan üç gün soň, ýagny 11-nji iýulda çap edilen beýanatda käbir görkezijiler getirilipdir.

Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrliginiň resmi internet saýtynda çap bolan soňky maglumatda 2009-njy ýyla çenli Russiýanyň Türkmenistanyň gaz eksporty meselesinde iň uly hyzmatdaşy bolandygy aýdylyp, Moskwanyň her ýylda 42 milliard kubometre çenli türkmen gazyny satyn alandygy aýdylýar.

Nebit-gaz institutynyň ylmy işgäri Annamyrat Aşyrowyň adyndan çap edilen bu maglumatda: “Elbetde, arzan bahadan alýany üçin Russiýa türkmen gazyny satyn almaga isleglidi. Ol soňy bilen ony GDA we Ýewropa ýurtlaryna täzeden satyp, arada uly diwidentleri (girdejileri) edinýärdi” diýlip nygtalýar.

“2009-njy ýyldan başlap Türkmenistan tebigy gazyny aram bahadan satyp başlady. Emma şol ýylyň aprelinde ‘Gazprom eksport’ satyn alýan türkmen gazynyň möçberini birden azaltdy. Munuň netijesinde gazgeçirijide partlama döräp, türkmen gazy diňe 2010-njy ýylyň başynda täzeden akdyrylyp başlandy. Ol hem çäkli möçberde” diýip, ýokarky maglumatda aýdylýar.

Şeýle-de maglumatda: “Şertnamadaky ylalaşylan ýyllyk 70-80 milliard kubometr möçberdäki gaza garamazdan, soňky bäş ýylyň dowamynda satyn alynýan gazyň möçberi barha azaldylyp, 10-11 milliard kubometre çenli aşak düşürildi. 2015-nji ýylda bolsa gazyň ýyllyk möçberi 2.5 esse azaldylyp, 4.0 milliard kubometre getirildi” diýilýär.

Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrliginiň resmi internet saýtynda çap bolan ýokarky maglumatda: “Türkmengaz”, uly ýitgileri çekýändigine garamazdan, şertnama boýunça öz üstüne alan borçlaryny doly berjaý edip, gazyň ylalaşylan möçerini dowamly akdyrýar. Emma “Gazprom eksport” hiç hili düşündiriş bermezden, fakt boýunça akdyrylan gazyň nyrhyny doly derejede tölemeýär” diýilýär.

“Russiýanyň energetika läheňiniň näme sebäpden alan gazy üçin töleg geçirmeýändigi türkmen tarapy üçin düşnüksiz bolup galýar” diýlip, gürrüňi edilýän maglumatda bellenilýär.

Russiýanyň “Gazprom” kärhanasy bu mesele boýunça häzirlikçe hiç hili beýanat bilen çykyş etmedi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG