Sepleriň elýeterliligi

Şweýsariýa: FIFA resmisi ABŞ berildi


Şweýsariýanyň häkimiýetleri FIFA-nyň resmisini ABŞ tabşyrandyklaryny aýtdylar.

Federal adalat edarasy ady agzalmadyk adamy ABŞ-nyň polisiýasyna tabşyrandyklaryny we onuň 15-nji iýulda Nýu Ýorka uçan uçarda äkidilendigini mälim etdi.

Bu adamyň ABŞ-nyň federal agentlikleriniň talaby boýunça 27-nji maýda Zurihde FIFA - halkara futbol federasiýasynyň tussag edilen ýedi resmisiniň biridigi aýdylýar. Olaryň tussag edilmegi FIFA-nyň ýokary derejeli resmileriniň korrupsiýa gatnaşygy boýunça ABŞ-nyň geçirýän derňewlerine esaslanylýar.

Şeýle-de Şweýsariýanyň prokurorlary 2018-nji we 2022-nji ýyllarda futbol boýunça dünýä ýaryşyny geçirmek hukugynyň Orsýete we we Katara berilmeginde maliýe bidüzgünçiliklere ýol berilmegi boýunça çaklamalary hem derňeýärler.

XS
SM
MD
LG