Sepleriň elýeterliligi

Bosniýaly serbler referendumy goldadylar


Milorad Dodik

Milorad Dodik

Bosniýanyň awtonom serb regiony 15-nji iýulda ses berişlik geçirip, serbleriň milli suduň häkimiýeti astyndan çykmagy boýunça referendum geçirmegi goldady.

Kanun çykaryjylar Bosniýanyň serb respublikasynyň prezidenti Milorad Dodik tarapyndan öňe sürlen teklibi köpçülikleýin goldadylar. Dodik soňky döwürde 20 ýyl mundan ozal uruşy başdan geçiren ýurduň bölünmegi barada açyk çykyş edýär.

Bu ses berişlik Bosniýada Ýewropa Bileleşiginiň we ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomatlarynyň referendumyň “Bosniýanyň garaşsyzlygyna we howpsuzlygyna göni wehim” salyp biljekdigini serb liderlerine aýdyp, munuň “makullanmajagyny duýdurmagynyň” ertesi edildi.

ABŞ-nyň Saraýewodaky ilçihanasy ses berişligi derhal ýazgardy we muny “korrumpirlenen güýçleriň” işi diýip atlandyrdy.

Aprel aýynda Dodik we onuň häkimiýet başyndaky partiýasy Serb Respublikasyna has giň ygtyýarlyk berilmese, onuň bölünip aýrylmagy boýunça 2018-nji ýylda referendumyň geçiriljekdigini yglan edipdi.

XS
SM
MD
LG