Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Grek Parlamenti tygşytlaýyş çärlerini oňlady


Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras (sagda) we maliýe ministri Eyklid Tsakalotos. Afiny. 15-nji iýul, 2015 ý.
Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras (sagda) we maliýe ministri Eyklid Tsakalotos. Afiny. 15-nji iýul, 2015 ý.

Gresiýanyň Parlamenti täze alynjak karz pullarynyň şertlerini tassyklamak üçin ýewropa liderleri tarapyndan talap edilýän berk tygşytlaýyş çärelerini kabul etdi.

Salgyt, pensiýa we beýleki reformalary göz öňünde tutýan tygşytlaýyş çäreleriniň taslamasy 16-njy iýulda sesleriň 229/66 gatnaşygy bilen kabul edildi.

Premýer-ministr Aleksis Tsiprasyň häkimiýet başyndaky partiýasynyň görnükli wekilleriniň ençemesi, şol sanda energetika ministri Panagiotis Lafazanis we ozalky maliýe ministri Ýanis Waroufakis hem bu ylalaşyga garşy ses berdiler.

Tsipras Gresiýanyň algydarlaryň talap edýän berk çärelerini kabul etmekden başga çykalgasynyň galmandygyny aýtdy.

Gresiýa halkara algydarlardan 86 milliard ýewrolyk täze pul kömegini almak üçin gepleşiklere başlamak maksady bilen ýurtda güýçli tankydy garşylanýan reformalary kabul etdi.

Grek Parlamenti talap edilýän tygşytlaýyş çärelerini kabul etse-de, nobatdaky maliýe ýardamyny almak ugrundaky gepleşiklere başlamak üçin Ýewrozonanyň käbir döwletleriniň Parlamentleriniň muny oňlap ses bermegi zerur.

Germaniýanyň Bundegstagy bu mesele boýunça 17-nji iýulda ses berer.

Ses berişligiň öň ýany grek Parlamentiniň öňünde çaknyşyklar boldy.

Meýdanda ýygnanan 200 töweregi protestçi ýaşlar polisiýanyň üstüne “Molotow kokteýllerini”, ýagny içi ýangyçly çüýşeleri we daşlary zyňdylar. Polisiýa olara gözýaşardyjy gaz bilen jogap berdi.

Polisiýa bir sagada golaý dowam eden çaknyşygyň netijesinde onlarça protestçiniň tussag edilendigini aýtdy.

Afinynyň merkezinde hem 10 müňe golaý demonstrant tygşytlaýyş çärelerine garşy parahatçylykly ýöriş geçirdi.

Şol bir wagtda Tsiprasyň partiýasynyň agzalarynyň arasynda oňa garşy nägilelikli garaýyşlar döräp başlady.

Ýewrozonanyň liderleri 13-nji iýulda Tsiprasa basyş edip, täze tygşytlaýyş çärelerini kabul etdirdiler. Gepiň gerdişine görä aýtsak, bu 5-nji iýulda grek ses berijileriniň referendum arkaly ret eden ylalaşyk taslamasyndan has berk çäreleri göz öňünde tutýar.

Emma salgyt, pensiýa we azat bazar reformalary Tsiprasyň çepçi ”Syriza” partiýasynyň öňe sürýän pikirlerine çapraz gelýär.

Eger-de Gresiýa täze maliýe ýardamyny almak başartmasa, onuň defolta uçramagy we Ýewrozonanyň hataryndan çykarylmagy mümkin.

XS
SM
MD
LG