Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ghani: 'Talyban' bilen gepleşik ýeke-täk ýol


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani
Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani

Prezident Aşraf Gani “Talyban” bilen gepleşikleriň Owganystana parahatçylygy getirmek boýunça ýeke-täk ýoldugyny aýtdy.

Ghani bu barada 17-nji iýulda Remezan aýyny tamamlaýan Eid al-Fitr baýramçylygynda halka eden ýüzlenmesinde aýtdy.

Ghani “Gepleşikler çykalgadyr, ýoldur, bu bolsa halkymyzyň isleýän zady gandöküşligiň soňuna çykylmagydyr”, diýdi.

Şeýle-de Ghani owganystanly “Talybanyň” gizlinlikde galýan ruhany liderine parahatçylyk ugrundaky gepleşikleri goldamak üçin minnetdarlyk bildirdi.

Molla Omaryň 15-nji iýulda ýaýradan beýannamasynda owgan hökümeti bilen gepleşikler “kanuny” diýlip häsiýetlendirildi.

7-nji iýulda Pakistanda “Talybanyň” resmi toparynyň we Owganystanyň Ýokary parahatçylyk geňeşiniň agzalarynyň arasynda ilkinji parahatçylykly gepleşikler geçirildi.

XS
SM
MD
LG