Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MH17: Britaniýa BMG tribunalyny döretmegi goldady


Britaniýanyň daşary işler boýunça sekretary Filip Hammond
Britaniýanyň daşary işler boýunça sekretary Filip Hammond

Britaniýanyň daşary işler boýunça sekretary Filip Hammond Malaýziýanyň howa ýolarynyň MH17 uçarynyň bir ýyl mundan öň Ukrainada heläkçilige uçramagynyň sebäpkärlerini jogapkärçilige çekmek boýunça BMG-niň tribunalyny döretmek boýunça çagyryşlary goldap, 16-njy iýulda çykyş etdi.

“Janyndan mahrum edilen 298 bigünä pidanyň hatyrasyna adalata ýol bermeli”, diýip Hammond aýtdy. Britaniýa bu meselä seredýän BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişeki agzalarynyň biri.

Gollandiýa, Malaýziýa, Awstraliýa, Belgiýa we Ukraina halkara suduny geçirmek barada rezolýusiýanyň taslamasyny Howpsuzlyk Geňeşine teklip etdiler.

Howpsuzlyk Geňeşinde rezolýusiýa gadagançylyk girizmäge hukukly Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin teklip edilen bu çäre “wagtyndan ir” we “netijesiz” diýip, 16-njy iýulda aýtdy we başda uçar heläkçiliginiň derňewleriniň tamamlanmalydygyny belledi.

XS
SM
MD
LG