Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek ABŞ-nyň Askarowy sylaglamagyna garşy


Azimjan Askarow, Bişkegiň türmeside, 2011.
Azimjan Askarow, Bişkegiň türmeside, 2011.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň işleri ynanylan wagtlaýyn wekilini çagyryp, Döwlet departamentiniň tussaglykdaky gyrgyz adam hukuklaryny goraýjysyny abraýly baýrak bilen sylaglamak boýunça kararyna protest bildirdi.

Gyrgyzystanyň hökümeti 17-nji iýulda çap eden öz beýannamasynda Gyrgyzystanyň we ABŞ-nyň arasynda 1993-nji ýylda baglaşylan hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşykdan bir taraplaýyn çykmak niýetini mälim etdi.

Mundan bir gün öň Gyrgyzystanyň adam hukuklaryny goraýjy aktiwisti Azimjan Askarowyň ogly öz atasy üçin ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Adam hukuklaryny goraýjylar üçin 2014-nji ýyl boýunça baýragyny aldy.

Askarow 2010-njy ýylda etnik özbekleriň we gyrgyzlaryň arasynda bolan heläkçilikli çaknyşyklary gurnamakda we polisiýa ofiserini öldürmekde günälenip ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG