Sepleriň elýeterliligi

Deputat ildeşlerini üç ýurtdan saklajak bolýar


Rus turistleri, Müsür, 2005 ý.

Rus turistleri, Müsür, 2005 ý.

Bir kanunçykaryjy öz diýenini etdirip bilse, onda daşary ýurtlara dynç almaga gidýän orslar özleriniň gowy görýän üç ýurduna baryp bilmezler.

Sankt-Peterburgyň mejlisiniň agzasy Ýewgeni Merçekonyň pikiriçe, Müsür, Tailand we Türkiýe adamlaryň saglygy üçin gowy ýurtlar däl.

Ol daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen turizm gullugynyň başlygy Oleg Safronowdan orslara bu ýerlerde dynç almagy gadagan etmegi sorapdyr.

Marçenkonyň 14-nji iýulda ”Zaks.ru” saýtyna beren interwýusynda sanap geçmegine görä, bu ýerlere gidýän orslara "ýygy-ýygydan bolýan ýol heläkçilikleri, myhmanhanalaryň işgärleriniň howpsuzlyk düzgünlerini bozmagy, jenaýatçylykly hüjümler we alkogol hem iýmitden zäherlernmek ýaly zatlar garaşýar". Marçenkonyň pikiriçe, bu üç ýurt "howpsuzlyk düzgünleriniň iň bärkije normalaryny-da" ýerine ýetirmeýär.

43 ýaşly Marçenko özüniň adamlaryň dynç almak üçin ýer saýlamak hukugyna we erkinligine garyşmak niýetiniň ýokdugyny, ýöne orslary sag-aman saklamak we olary dynç almaga sarp edýän "milliardlarça dollar" pullaryny ýurduň öz içinde sarp etmäge ruhlandyrmak isleýändigini aýdýar.

Marçenko, eger syýahata gös-göni gadagançylyk girizmek kanuny taýdan mümkin bolmasa, onda häkimiýetler agzalan üç ýurda uçar gatnawyny azaltmaly, ol ýurtlar babatynda gaýtadan wiza düzgünini girizmeli, syýahat üçin strahowaniýe, ýagny saglyk ätiýaçlandyryş harajatlaryny ýokarlandyrmaly diýen teklibi öňe sürýär.

Ors mediasynyň 14-nji iýulda ýazmagyna görä, Marçenko metbugaty-da özüne ýaran edinmäge dyrjaşýar, ýagny ol Orsýetiň mediasyny özüniň orslar Müsürde, Tailandda we Türkiýede gutulgysyz diýen ýaly ýüzbe-ýüz bolýar diýip hasap edýän problemalary hakynda halka köpräk habar ýaýratmaga çagyrýar.

Ýokanç kesel howpy

Aýdylyşyna görä, Marçenko döwlet turizm gullugy Rosturizmden, şeýle hem Daşary işler ministrliginden adamlary bu üç ýurda gitmek niýetinden dändermegi sorapdyr. Saglygy goraýyş ministrligine bu ýurtlara sapar etmegi mümkin turistlere ol ýerlerdäki ýokanç keselleriň howpy we saglyga zyýanly beýleki ýagdaýlar hakda ýygy-ýygydan duýduryş berip durmagy ündeýär.

Bu teklipler netije bermese, onda ol özüniň bu göreşini öňümizdäki güýz Döwlet Dumasynyň garamagyna berme ähtimallygynyň ýok däldigini aýdýar.

OrslaraTailand bilen Türkiýä wiza gerek däl. Müsür wizasyny hem ol ýere baranlarynda alyp bilýärler. Her ýyl Orsýetden müňlerçe adamy bu ýurtlara çekýän şu ýagdaý bilen amatly klimat we dynç alamak üçin etmeli çykdajylaryň ýokary däldigi.

Döwlet turizm gullugynyň beren sanlary boýunça üstümizdäki ýyl ors turistleri üçin iň ýokary orunlarda durýan ýurtlaryň birinjisi Müsür, ikinjisi Tailand. Türkiýe hem dynç alyş üçin ileri tutulýan 10 ýurduň biri.

Döwlet turizm gullugynyň getirýän sanlarynyň görkezmegine görä, daşary ýurtlara syýahata çykýan orslaryň sany 2014-nji ýylyň birinji kwartalynda 2.8 million bolan bolsa, 2015-nji ýylda, şol döwrüň içinde, aşaklap, 1.7 milliona gelipdir.

Nebit-gazyň bahasynyň aşaklamagy, Orsýetiň ukrain krizisinde oýnan roly sebäpli Günbatar tarapyndan girizilen sanksiýalar bilen birlikde rubluň hümmetiniň peselmegi ors turistleriniň maliýe gurbuny gaçyrdy.

Geçmişde ors häkimiýetleriniň we metbugatynyň adamlary ýurduň öz içinde, aýratyn-da Orsýetiň geçen ýyl basyp alan Krym ýarymadasynda dynç almaga ruhlandyryşyna duş gelinýärdi. Ýöne daşary ýurtlara sapary gadagan etmäge çagyryş ozal bolan zat däl.

XS
SM
MD
LG