Sepleriň elýeterliligi

MH17: täk hakykat, köp teoriýa


MH17 uçarynyň urlup ýykylmagy netijesinde onuň üstündäki 298 adamyň ählisi öldi.

MH17 uçarynyň urlup ýykylmagy netijesinde onuň üstündäki 298 adamyň ählisi öldi.

Ukrainadaky konfliktiň barşynda ”Malaýziýa howaýollaryna” degişli MH17 ugry boýunça howa giňişliginden barýan ýolagçy uçarynyň urlup ýykylmagy we onuň üstündäki 298 adamyň ölümi bilen bagly pajygaly wakalara eýýäm bir ýyl doldy. Häzirki wagtda bütin dünýä halkara eskpsertleriniň bu hadysa boýunça geçirýän derňewleriniň netijelerine garaşýar.

Syzyp çykan käbir magluamtlarda açyk tomus asmanyndan barýan uçaryň orsýetparaz separatistler tarapyndan - Russiýa tarapyndan olara berlen “Buk” howa hüjüminden goranyş ýaragy bilen - urlandygy öňe sürülýär.

Derňewiň soňky netijeleri oktýabrda köpçülige aýan edilmeli. Eger-de başda agzalýan maglumatlar doly tassyklansa, onda bu heläkçilik bilen bagly Russiýanyň häzire çenli öňe sürüp gelýän delilleriniň we çaklamalarynyň örän täsin bolup eşidilmegi-de mümkin.

Moskwa agzalýan uçaryň urlup ýykylmagy bilen bagly beýan edilýän maglumatlaryň ýaýraýşynda özüniň kem galyp barýandygyna tiz göz ýetirdi.

Heläkçilige separatistleriň dahylynyň bardygy baradaky çaklamalar has ir peýda bolup başlapdy. Bu wakanyň fonunda jeňçileriň konflikt zonasynda ukrain harbylarynyň uçarlaryny urup ýykmagy bilen bagly ýagdaýlar, Moskwanyň MH17 uçarynyň gara gutujyklaryny her edip, hesip edip ele salmaga çytraşýandygyny bildirýän maglumatlaryň syzyp çykmagy, heläkçilikden soň “Buk” ulgamynyň wakanyň bolan ýerinden Russiýanyň territoriýasyna äkidilendigini görkezýäne meňzeş geografiki suratlaryň çap bolmagy ýaly wakalar hem bolup geçipdi.

Emma anyk delilleriň ýoklugy sebäpli, rus resmileri we habar serişdeleri MH17 wakasy bilen baglylykdaky öz – alternatiw teoriýalaryny tekrarlamagy dowam etdirýärler.

Aşakda MH17 uçarynyň urlup ýykylmagy bilen baglylykda rus resmileriniň we mediasynyň öňe sürýän käbir çaklamalary getirilýär.

Hyýaly uçar

MH17 uçarynyň urulmagyndan bir hepde soň Russiýanyň Goranmak ministrligi bu waka bilen bagalylykdaky “öz materiallaryny” hödürledi. Onda anyk netijeler yglan edilmese-de, heläkçiligiň bolan sebitinde ukrain harbylaryna degişli “Buk” ulgamynyň hereket edendigi aýdyldy.

Şeýle-de ministrlik MH17 uçarynyň golaýynda ukrainlaryň Su-25 harby uçarynyň bolandygyny hem öňe sürdi. Emma Kiýew mundan owal jeňçileriň Kremliň beren ýaraglary bilen öz ençeme dikuçarlaryny we uçaryny urup ýykandygy sebäpli, sebitde hiç hili harby uçaryny ýerleşdirmändigini aýtdy.

Russiýanyň RT (ozalky “Russia Today”) telekanalynda görkezilen dokumental filimde, hamana, agzalýan ýolagçy uçaryny gapdallap uçan ukrain Su-25 harby uçary bilen bagly teoriýa esasy delil hökmünde getirildi.

14-nji iýulda näbelli topar tarapyndan ýaýradylan hasabatda MH17 uçarynyň Su-25 harby uçarynda ýerleşdirilen Ysraýylyň "howa-howa" kysymly “Piton” raketasy tarapyndan urlup ýykylan bolmagynyň “ähtimaldygy” aýdylýar.

“Karlos”

MH17 heläkçiliginden birnäçe sagatdan soň, Kiýewde howa, ýol gözegçiligini yzarlaýandygyny aýdýan haýsydyr bir ispaniýaly öz Twitter hasabynda uçaryň urlan pursatynda şol sebitde Ukrainanyň iki sany harby uçarynyň bolandygyny tassyklap, maglumat galdyrdy.

Ispaniýanyň Ukrainadaky ilçihanasy “Karlos” diýilýän bu adamyň şahsyýeti barada özünde hiç hili maglumatyň ýokdugyny aýtdy. Karlosyň “işleýän” diýip öňe süren aeroportunda hem howa, ýol gözegçilik bölüminde daşary ýurt graždanlarynyň işlemeýändigi habar berildi.

Karlosyň Twitter hasaby petiklendi. Emma, rus mediasy geçen bir ýylyň dowamynda onuň maglumatlaryna ýygy-ýygydan salgylanypdy. MH17 heläkçiligi boýunça ýazylýan analizlerde hem Karlosyň bu maglumatlaryna köp salgylanylýar.

Jesetler?

Jeňçileriň ozalky harby komandiri Igor Strelkow MH17 heläkçiliginden bir gün soň çykyş edip, uçardaky jesetleriň täze däldigini, ol adamlaryň mundan birnäçe gün ozal ölendigini öňe sürdi. Belläp geçsek, rus raýaty Strelkow gündogar Ukrainadaky konfliktde möhüm rollaryň birini oýnapdy. Onuň Russiýanyň FSB gullugynyň polkownigidigi aýdylýar.

Şol bir wagtda rus Dumasynyň milletçi deputaty Wladimir Žirinowskiý VestiFM radiosyna beren interwýusynda “Uçaryň ýere gaçmagy Amerikanyň prowokasiýasy. Olar Russiýany garalamak üçin elmydama-da elinde baryny edýärler. Uçarda öňünden öli adamlaryň ýerleşdirilen bolmagy gaty ähtimal” diýip, çykyş etdi.

Maksat

Rus mediasynda has giň ýaýran teoriýalaryň biri hem Ukrainanyň şol gün Braziliýadan dolanyp gelýän rus prezidenti Wladimir Putiniň uçaryny urmakçy bolandygy baradaky çaklamalar bilen bagly.

Heläkçilikden soň “Komsomolskaýa prawda” neşiri Ukrain howa gözegçileriniň MH17 uçaryny ýöriteläp konflikt zonasyna eltendiklerini, ukrain uçarlarynyň hem Amerikanyň aňtaw gulluklary bilen birlikde bu uçary urup ýykandygyny ýazdy.

XS
SM
MD
LG