Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wideo pitneçileriň haýran galyşyny görkezýär


Wideo MH17 ýykylandan soňky pursaty görkezýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:38 0:00

Wideo MH17 ýykylandan soňky pursaty görkezýär

Awstraliýanyň gazetleri tarapyndan ele salnan täze wideo gündogar Ukrainadaky orsýetparaz pitneçileriň Malaýziýanyň öten ýyl urlup ýykylan uçary MH17-niň dargap ýatan böleklerini gözden geçirip, onuň harby däl-de, ýolagçy uçarydyna geňirgenip duranyny görkezýär.

"Sydney's Daily Telegraph" gazeti tarapyndan neşir edilen 17 minutlyk wideony mobil telefony bilen gozgalaňçylaryň özi ýazga geçiripdirler.

Wideo pitneçiler bu ýolagçy uçaryny Ukrainanyň ”Suhoý” harby-howa güýjüne degişli harby uçardyr öýdüp, ýalňyşlyk bilen urupdyr diýýän öňki çaklamany tassyklaýana meňzeýer.

Gazete eýeçilik edýän News Korpuň aýtmagyna görä, wideony ele salmak üçin edilen ençeme aýlyk tagallalardan soň, ony Donetskiden ogryn çykarmak üstümizdäki hepde başardypdyr.

Wideoda elleri ýaragly harby eşikli gozgalaňçylaryň dargap ýatan bölekleriň arasynda aýlanyp, ukrainaly pilotlary gözleýändigi, uçaryň we ýolagçylaryň harby däldigini bilensoňlar hem geňirgenme we aljyraňňylyk bildirýänligi eşidilýär.

"Bu harby uçar däl"

Komandir: "Bu harby däl" diýýär. Olar ýolagçy uçary ”Suhoý” atyp ýykdy. Biziňkiler harby uçary urup gaçyrdylar diýýärler.

Ukrain hem ors dillerinde gürleýän gozgalaňçylar ýolagçy uçaryna Ukrainanyň howa giňişliginden uçmaga nädip ýol berildikä diýip, bir-birlerine sorag berýärler. Bagažlara dakylan ýarlyjaklardan bölek-bölek bolup ýatan jesetleriň awstraliýalylara we malaýziýalylara degişlidigini görüp, geňirgenişip, gynanýarlar.

Bu aýylganç ýagdaýa garamazdan, gozgalaňçylaryň bagažlary akan-dökän edip, wepat bolanlaryň telefonlaryny, pul gapjyklaryny we beýleki gymmatly zatlaryny ýygnaýandyklary görünýär.

"Wideo gorkunç. Onuň şu wagt, MH17 ýykylaly bäri aradan bir ýyl geçensoň peýda bolmagy adamy aladalandyrýar" diýip, Awstraliýanyň daşary işler ministri Julie Bişop Awstraliýanyň telewideniýesine aýtdy. "Bu ”Malaýziýa howaýollarynyň” MH17 reýsiniň ýer-howa raketasy bilen atylyp ýykylandygy barada bize 12 aý mundan ozal gowşan maglumata gabat gelýär".

Awstraliýanyň premýer-ministri Toni Abbott uçaryň Orsýet tarapyndan üpjün edilen ýer-howa reketasy bilen urlandygyna özüniň şübhe etmeýändigini aýtdy.

Ol ABC telekanalyna: "Bular ýaly ýaraglaryň gozgalaňçylaryň elinde bolmagy tötänden däl. Bu bir çylşyrymly ýarag" diýdi.

"Biz onuň serhediň aňyrsyndan, Orsýetden getirilip ulanylandygyna, nämeleriň bolandygy ýüze çykansoň hem ýene yzyna Orsýete äkidilendigine şek-şübhe edemzok".

Uçardaky ýolagçylaryň aglabasy gollandiýalylardy. Ýöne onda 38 sany awstraliýaly we onlarça malaýziýaly hem bardy.

Uçar öten ýyl ukrain güýçleri bilen orsýetçi separatistleriň arasynda giden agyr söweşlerde urlup ýykyldy.

Kiýew bilen Günbatar uçary gozgalaňçylaryň Orsýet tarapyndan berlen "BUK" ýer-howa raketasy bilen atyp urandyklaryny aýdýarlar. Ýöne Moskwa bu işde öz eliniň ýokdugyny aýdyp, Ukrainanyň harby-howa güýçlerini uçary urup ýykanlykda aýyplaýar.

News Korpuň aýtmagyna görä, wakanyň bolan ýerine ýakyn töwereklerde ýaşaýan adamlara uçaryň bir harby uçar tarapyndan urlandygyny görendigiňizi aýdyň diýlipdir.

Häzir awstraliýaly, belgiýaly, niderlandiýaly, malaýziýaly we ukrainaly detektiwlerden düzülen topar bu barada barlag işlerini alyp barýarlar.

XS
SM
MD
LG