Sepleriň elýeterliligi

"Saglygyň" 20 ýyllygy bellenilýär


Türkmenistan, saglyk işgärleri köçe süpürýär.

Türkmenistan, saglyk işgärleri köçe süpürýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, mejlisde esasan ýurduň «Saglyk» programmasynyň 20 ýyllyk baýramçylygyny bellemek barada gürrüň edilipdir, käbir dokumentleriň taslamalaryna seredilipdir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan gelýän hepde Saglygy saklaýyş we medisina senagatynyň işgärleriniň gününi we «Saglyk» boýunça döwlet programmasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyny baýram eder.

Baýramçylyk çäreleri «Saglyk-2015» atlandyrylan halkara sergini hem öz içine alýar, ol Aşgabatda, 19-njy iýulda işe başlaýar.

20-nji iýulda bolsa, paýtagtda Saglygy saklaýyş ministrliginiň halkara Hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň düýbi tutular.

Mundan başga, Kardiologiýa boýunça halkara merkeziniň, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça Ylmy-kliniki merkeziň, Baş dermanhana bileleşiginiň häzirki zaman ammarynyň düýbüniň tutuljagy aýdylýar.

Türkmen mediasy Aşgabatdan daşarda, Tejen şäherinde hem 120 orunlyk ýöriteleşdirilen reabilitasiýa merkeziniň açyljagyny habar berýär.

Aşgabatda 21-22-nji iýulda geçiriljek halkara medisina konferensiýasyna 31 ýurduň we halkara guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar diýip, resmi habarda aýdylýar.

Şeýle-de türkmen prezidentiniň saglyk boýunça 2015-2017-nji ýyllara niýetlenen täze döwlet programmasyny tassyklamak baradaky karara we saglyk bilen bagly beýleki dokumentlere gol çekendigi habar berilýär.

Emma gurulýan saglyk desgalaryna, olaryň döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylýandygyna garamazdan, soňky ýyllarda Türkmenistanda ilata edilýän saglyk hyzmatynyň hiliniň peselendigi, şu sebäpden daşary ýurtlara saglygyny bejertmäge gidýänleriň sanynyň artýandygy barada habarlar eşidilýär.

Mälim bolşy ýaly, ozalky prezident S.Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda müňlerçe saglyk işgäri ştat kemeltmä düşürilipdi, ýerlerdäki hassahanalar ýapylypdy. Emma ozalky saglyk ministri G.Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň hem, saglygy saklaýyş pudagynndaky "hassalyklaryň" azalmaýandygy aýdylýar.

Şol bir wagtda Türkmenistanda her ýyl daşary ýurtlarda saglygyna seretdirýän raýatlaryň anyk sany barada statistika maglumatlary elýeterli däl.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG