Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: YD hüjüminiň öňi alyndy


Gyrgyz häkimiýetleri 16-njy iýulda Bişkekde «Yslam döwletiniň» agzalary diýilýän we Siriýadan goldaw alýan jeňçileriň öldürilendigini we tussag edilendigini aýdýarlar.

Gyrgyzystanyň Döwlet howpsuzlyk komitetiniň sözçüsi Rahat Sulaýmanow 17-nji iýulda Azatlyk radiosyna ol jeňçileriň birnäçe terror hüjümini planlaşdyrandygyny, şol sanda Bişkekdäki Eýd al-Fitr baýramyna gabat Kantdaky, Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky rus harby bazasyna hüjüm etmekçi bolandyklaryny aýtdy.

Sulaýmanow YD-nyň 6 agzasynyň öldürilendigini, 7 agzasynyň bolsa tussag edilendigini sözüne goşdy.

Olaryň Siriýadan maliýe ýardamyny we partlaýjy ýasamak üçin himiki elementleri alandygy aýdylýar.

Olaryň ýaşaýan ýerlerinden nagt pullar, ýedi sany hüjüm tüpeňi, bäş sapança, bir topar granat tapylypdyr.

XS
SM
MD
LG