Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: Eýran amerikan raýatlaryny boşatmaly


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri ýadro gepleşikleriniň soňky hepdesinde eýran topary bilen geçirilen duşuşyklaryň ählisinde Eýranda tussaglykda saklanýan amerikan raýatlary baradaky meseläniň gozgalandygyny aýdýar.

"Biz Eýranyň dogry karara gelmegine we ol raýatlary Birleşen Ştatlara gaýtaryp bermegine örän we örän umyt baglaýarys» diýip, Kerri 17-nji iýulda MSNBC bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Kerri bu meseläni Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawed Zarif bilen bolan soňky duşuşygynda, 14-nji iýulda ýadro ylalaşygy baradaky habar yglan edilmezinden öň hem gozgandygyny aýtdy.

Eýranda üç amerikan, «Washington Post» gazetiniň habarçysy Jason Rezaian, hristian pastory Saeed Abedini, ABŞ-nyň ozalky harby-deňizçisi Amir Hekmati tussaglykda saklanylýar.

XS
SM
MD
LG