Sepleriň elýeterliligi

Yrak bazarynda 115 adam öldürildi


17-nji iýulda Yragyň mähelleli bazarynda partladylan ulag bombasy 115 adamy, şol sanda çagalary we aýallary öldürdi.

Bagdatdan 30 km uzaklykda, Han Bani Saad şäherinde, Remezan baýramyna gabat ýarylan bomba YD-nyň Yrakda partladan iň ganly bombasy boldy.

«Yslam döwleti» topary üç tonna partlaýjy ýüklenen ulag bombasynyň «inkär edijileri» nyşana alandygyny aýtdy.

Bu topar şaýy musulmanlaryny «inkär edijiler» diýip atlandyrýar.

XS
SM
MD
LG