Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde alty adam öldürildi


Kairde bolan demonstrasiýalardan soň, 17-nji iýulda howpsuzlyk güýçleri bilen «Musulman doganlygynyň» goldawçylarynyň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan alty adam öldürildi.

Bikanun diýlip yglan edilen «Musulman doganlygy» Remezan aýynyň soňlanmagyna we Eýd al-Fitr baýramçylygynyň başlanmagyna bagyşlanyp okalan namazdan soň, Gizanyň Talibia mähellesinde ýöriş gurnady.

Müsüriň Daşary işler ministrligi zorlugyň demonstrasiýaçylar ýerli ýaşaýjylary tüpeňläp başlanyndan soň, polisiýanyň goşulyşmagy bilen dörändigini aýtdy.

Talibia çaknyşygynda 5 protestçi öldürilen bolsa, golaýdaky Nahia şäherinde, başga bir toparyň polisiýa bilen çaknyşygynda hem bir protestçi öldürilipdir.

XS
SM
MD
LG