Sepleriň elýeterliligi

Hameneýi: Eýran ABŞ syýasatyny üýtgetmez


Eýranyň ýokary ruhany lideri Ali Hameneýi

Eýranyň ýokary ruhany lideri Ali Hameneýi

Eýranyň ýokary ruhany lideri Ali Hameneýi, dünýä döwletleri bilen baglaşylan kesgitli ýadro ylalaşygyna garamazdan, Yslam respublikasynyň Birleşen Ştatlaryň «gedemsiligine» garşylygy «üýtgemez» diýdi.

Onuň 18-nji iýulda, Tähranyň Mosala metjidinde Remezan aýynyň soňunda bellenilýän Eýd al-Fitr baýramyna bagyşlanan dabarada aýdan sözleri telewideniýede göni alnyp görkezilen telegepleşikde halka ýetirildi we «Amerika ölüm», «Ysraýyla ölüm» diýen şygarlar bilen garşylandy.

Şu aralykda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bu şertnama ynamsyzlyk edýän kongresmenlere garşy goranyş çykyşyny etdi.

Eýranda döwlet işleriniň ählisine ahyrky karary berýän Hameneýi Birleşen Ştatlaryň Ýakyn Gündogardaky syýasaty Eýranyň strategiýasyna ters gelýär diýýär we Tähranyň öz sebitdäki ýaranlaryny, şol sanda Liwanyň Hizbulla jeňçi toparyny, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimini goldamagy dowam etdirjegini aýdýar.

"[Ýadro] ylalaşygy tassyklandy-tassyklanmady, tapawudy ýok, biz öz sebitdäki dostlarymyzy goldamagy bes etmeris, basyş astyndaky palestin halky, Ýemen, Siriýa, Yrak, Bahreýn, Liwanyň we Palestinanyň dogruçyl söweşijileri biziň yzygider goldawymyzy alar" diýip, ol aýtdy.

"Hatda şu ylalaşykdan soň hem biziň gedem ABŞ babatdaky syýasatymyz üýtgemez» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Hameneýi Eýranyň dünýäniň alty döwleti bilen gepleşige girmeginiň diňe öz milli bähbitleri esasynda ýadro ylalaşygyny baglaşmak üçin gerek bolandygy barada ozal aýdan sözlerini tekrarlady.

"Bir ABŞ bilen dürli dünýä, regional ýa-da ikitaraplaýyn meseleler barada gepleşmeýäris» diýip, ol belledi.

“Kämahal, maksadalaýyklyk esasynda, biz olar bilen ýadro programmasy ýaly käbir kadadan çykýan meseleler barada gepleşdik, özem bu diňe şu gezek bolmady” diýip, Hameneýi sözüniň üstüni ýetirdi.

"ABŞ-nyň regiondaky syýasaty Eýranyň syýasatyna 180 gradus ters gelýär» diýip, ol aýtdy.

Wenada 14-nji iýulda baglaşylan ylalaşyk esasynda, Eýrana garşy girizilden sanksiýalar ýuwaş-ýuwaşdan aýrylar we Tähran, muňa derek, öz ýadro programmasyny jylawlar.

Günbatar döwletleri Eýrany ýaşyrynlykda ýadro ýaraglaryny edinjek bolmakda aýyplaýar, Tähran muny ret edýär we öz ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlardan ugur alýandygyny aýdýar.

Hameneýi 18-nji iýulda bu pozisiýa baradaky pikirini ýene bir gezek gaýtalady we bomba edinmek bilen bagly islendik herekete garşy özüniň fatwa, dini gadaganlyk çykarandygyny ýatlatdy.

"Amerikanlar özleriniň Eýrany ýadro ýaragyny edinmekden saklandygyny aýdýarlar, emma olar munuň dogry däldigini bilýärler» diýip, ol aýtdy.

Eýranyň Wenada daşary işler ministri Mohammad Jawed Zarifiň ýolbaşçylygynda gepleşik alyp baran gepleşikçileri barada gürrüň edip, ýokary lider olaryň «agyr ýüki gerdene alyp, çynlary bilen işländiklerini» aýtdy.

"Tekst taýýarlandy, ol tassyklandy ýa tassyklanmady, olar öz etmeli işlelerini etdiler we munuň üçin sylaglanmaly» diýip, ol aýtdy.

Emma Hameneýi ýadro ylalaşygynyň, milli bähbitleriň ýoýulmagyna ýol bermezlik üçin, seresaply öwrenilmelidigini aýdyp, Eýranyň öz rewolýusion ýörelgelerine ýa-da goranyş ukybyna zyýan ýetirilmegine ýol bermejegini nygtady.

Eýranyň bu şertnamany tassyklamak prosedurasy aýdyň däl. Ýurduň mediasy Zarifiň 21-nji iýulda parlamentde gysgaça hasabat berjegini ýazýar, şeýle-de bu ylalaşyk Milli howpsuzlyk geňeşi, ýurduň iň ýokary howpsuzlyk edarasy tarapyndan barlanylar.

ABŞ liderleri Eýrany «boýun egdirjek» boldular. Eýran urşuň tarapdary däl, emma ol bolsa, Birleşen Ştatlar asgyn geler diýip, ol belledi.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu 19-njy iýulda Hameneýiniň sözlän sözüniň «agressiw we gapma-garşylyk» häsiýetlidigini aýtdy hem-de bu ýadro gepleşigi Yslam respublikasynyň jeňçiligini ýumşadar diýen umytlaryň ýalňyşdygyny görkezýär diýdi.

Iňliçseden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG