Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama şu hepdäniň başynda Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyna ynanmazlyk edýänlere garşy çykdy.

Obama 18-nji iýuldaky hepdelik ýüzlenmesinde bu ylalaşyk baglaşylmasa, biz dünýäniň iň bir durnuksyz sebitinde ýene bir uruş töwekgelligine uçrarys diýdi.

Wenada 14-nji iýulda baglaşylan ylalaşyk esasynda Eýran öz ýadro programmasyny uzak möhletli togtadar we oňa derek Tährana garşy girizilen ykdysady sanksiýalar kem-kemden aýrylar.

Obamanyň respublikan garşydaşlary bu şertnamany Kongresde, 60 günlük barlagdan soň planlaşdyrylýan ses berişlikde puja çykarmaga umyt baglaýarlar.

Obama bu ylalaşyk Eýrany hakykatda bombadan has uzaklaşdyrýar diýdi.

"Biz Eýranyň ýadro desgalaryna gije-gündiz doly gözegçilik edip bileris" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

«Eger-de Eýran sözünde durmasa, biz sanksiýalary derrew dikelderis» diýip, prezident aýtdy.

XS
SM
MD
LG