Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazada maşynlar partladyldy


Gaza şäherinde 19-njy iýul güni irden azyndan dört partlama bolup, olarda yslam fraksiýalarynyň, şol sanda «Hamaz» ýolbaşçylarynyň maşynlary nyşana alyndy.

Şäheriň dürli böleklerinde bolan partlamalar bäş maşyny weýran etdi, adam ýitgileri barada bada-bat tassyklama çykmady.

AFP habar gullugy ady aýdylmaýan howpsuzlyk resmisine salgylanyp, weýran edilen maşynlaryň üçüsiniň «Hamaz» agzalaryna, ikisiniň bolsa «Yslam jyhadynyň» agzalaryna degişlidigini ýazdy.

XS
SM
MD
LG