Sepleriň elýeterliligi

Saud Arabystany 400 YD şübhelisini tutdy


Saud häkimiýetleri «Yslam döwleti» bilen ilteşikli diýip güman edilýän 431 adamy tussag edendigini aýdýar.

Şeýle-de häkimiýetler metjitlere, howpsuzlyk güýçlerine, diplomatiki missiýalara ediljek hüjümleriň öňüni alandygyny aýdýar.

Saud Arabystanynyň Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Mansur al-Turki 18-nji iýulda şu wagta çenli «Daeş» terror guramasy, ýagny YD topary bilen ilteşikli jemi 431 adamyň tutulandygyny, bu topara degişli başga adamlaryň hem gözlenilýändigini aýtdy.

«Yslam döwleti» toparynyň jeňçileri 16-njy iýulda Saud Arabystanynyň iň berk goragly türmesiniň golaýynda guralan partlamanyň jogapkärçiligini öz üstlerine aldylar.

Bu hüjümde bir sürüji öldürildi we iki sany howpsuzlyk ofiseri ýaralandy.

Ministrlik tutulanlaryň köpüsiniň Saud Arabystanynyň raýatydygyny aýtdy.

YD jeňçileri maý aýynda Saud Arabystanynda iki sany şaýy metjidine edilen bomba hüjüminiň, 25 adamyň öldürilmeginiň jogapkärçiligini öz üstlerine aldylar.

XS
SM
MD
LG