Sepleriň elýeterliligi

FIFA-nyň öňki resmisi günäm ýok diýýär


FIFA-nyň ozalky ýokary derejeli resmisi Birleşen Ştatlaryň federal sudunyň korrupsiýa aýyplamalaryna özüniň günäkär däldigini aýdyp, jogap berdi.

FIFA-nyň ýedi resmisiniň biri bolan we maý aýynda Şweýsariýada tussag edilen Jefriý Web 18-nji iýulda Nýu-Ýorkda bolan sud diňlenişiginden soň, 10 million dollar girew astynda azatlyga goýberildi.

Jefriý Web Britaniýanyň we Gaýman adasynyň raýaty bolup, reketde we para almakda hem aýyplanýar.

Web ozal FIFA-nyň wise-prezidenti we CONCACAF-yň regional prezidenti bolup işlän we amerikan prokurorlary onuň jemi 150 million dollardan gowrak para-peşgeş bilen ilteşiklidigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG