Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýa, Orsýet sapar gurnaýar


Tokio bilen Moskwa awgustyň aýagynda Ýaponiýanyň daşary işler ministri Fumio Kişidanyň Orsýete saparyny guramak barada gepleşik geçirýär diýip, «Nikkei Business Daily» habar berýär.

Aýdylmagyna görä, Kişida Ýaponiýanyň biznes liderleriniň delegasiýasyna ýolbaşçylyk eder we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, premýer-ministriň birinji orunbasary Igor Şuwalow bilen gepleşik geçirer.

Bu sapar iki ýurduň arasyndaky dawaly adalar meselesini ara alyp maslahatlaşmagy maksat edinýär.

Şeýle-de onuň rus prezidenti Wladimir Putiniň Ýaponiýa saparyny gurnamak üçin ulanylmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG