Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýada 5 protestçi tutuldy


Awstraliýanyň polisiýasy Sidnide, paýtagtyň biznes merkezinde 19-njy iýulda yslama garşy we jynsparazlyga garşy toparlaryň arasynda bolan çaknyşyklarda 5 adamy tussag etdi.

100 çemesi yslama garşy protestçi protest gurnap, milli baýdagy galgadyp, «şerigata ýok diý», «immigrasiýa jaýyň içindäki pil» diýip gygyrdy.

Olar 250 çemesi adamdan ybarat garşylykly demonstrasiýaçylar bilen ýüzbe-ýüz boldular, olar "jynsparazlyk ýok, yslamafobiýa ýok» diýen şygarlary galdyrýardylar.

Garşylykly toparlary bir-birinden aýyrmak üçin ýüzlerçe polisiýa ofiseri, şol sanda pitnä garşy polisiýa hem getirildi.

XS
SM
MD
LG