Sepleriň elýeterliligi

Pakistan Hindistany günäleýär


Zorluk hadysalary netijesinde serhediň iki tarapynda azyndan bäş adam öldürileninden soň, Pakistan Hindistany dawaly Kaşmir sebitinde atyşygy kesmek ylalaşygyny bozmakda aýyplaýar.

Daşary işler ministrligi hindi goşunlarynyň 18-nji iýulda kontrol liniýasynyň Punç sektoryna, sebitiň de fakto serhedine kiçi ýaraglary, raketalary, pulemýotlary ulanyp, ok atandygyny aýtdy.

Hindistan çaknyşygy Pakistanyň başlandygyny aýdýar. Serhediň iki tarapyndaky goşunlar soňky günlerde bir-biregi gaýta-gaýta oka tutdular.

16-njy iýulda günortadaky Sialkot şäheriniň ýanyndaky pakistan obalarynyň dört ýaşaýjysy top okunyň pidasy boldy. Pakistan Hindistany günäledi.

Hindistan bolsa Pakistandan atylan minomýot oklarynyň serhet obasynda bir aýaly öldürip, dört adamy ýaralandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG