Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Galla baýramyny belleýär


Türkmenistan 19-njy iýulda Galla baýramyny belleýär.

Bu baýram, 1998-nji ýyldan bäri, iýulyň üçünji ýekşenbesinde, paýtagtyň Oba hojalyk toplumynda gallaçylykda gazanylan üstünliklere bagyşlanan ylmy-praktiki konferensiýanyň geçirilmegi bilen bellenilýär.

Türkmen mediasy bu foruma ýurduň öňdebaryjy oba hojalyk işgärleriniň, alymlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar serişdeleriniň wekilleriniň, ÝOJ-laryň mugallymlarynyň we studentleriň gatnaşandygyny habar berýär.

Türkmen gallaçylary şu ýyl, amatsyz howa şertlerine garamazdan, 1 million 400 müň tonnadan gowrak ak bugdaý hasylyny ýygnady diýip, habarda aýdylýar. Plan boýunça, 1 million 600 müň tonna bugdaý alynmalydy.

Galla baýramy giňden tutulan aýdym-saz dabaralaryna beslendi.

XS
SM
MD
LG