Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkeliň orunbasary Tährana barýar


Sigmar Gabriýel
Sigmar Gabriýel

Germaniýanyň ykdysadyýet ministri Sigmar Gabriýel 19-njy iýulda Tährana uçdy. Bu dünýäniň iri döwletleri bilen Eýranyň arasynda baglaşylan taryhy ýadro ylalaşygyndan soň Günbataryň ýokary derejeli resmisiniň Tährana eden ilkinji sapary bolar.

Angela Merkeliň orunbsary we energiýa ministri wezipelerini hem ýerine ýetirýän Gabriýel kompaniýalaryň, senagat we ylym pudaklarynyň wekillerinden ybarat çaklaňja delegasiýa ýolbaşçylyk edip, üç günlük sapara başlaýar diýip, ministrligiň çap eden beýanatynda aýdylýar.

14-nji iýulda gol çekilen ýadro ylalaşygy «onda goýlan şertleriň indi ýerine ýetirilmegi esasynda, Eýran bilen ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrmagyň esaslaryny goýýar» Gabriýeliň beýanatynda bellenilýär.

Onuň Eýranyň prezidenti Hassan Rohani we birnäçe ministr bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Tankytçylar Gabriýeli, söwda gatnaşyklaryny gaýtadan gurmaga gyssanyp, Eýranyň adam hukuklary ýagdaýyna göz ýummazlyga çagyrdylar.

Ýadro şertnamasy Eýranyň ýadro ýaragyny edinmek mümkinçiliklerini çäklendirip, oňa derek resursa baý ýurda garşy girizilen ykdysady çäklendirmeleri ýatyrmagy maksat edinýär.

Germaniýanyň Söwda we senagat palatasynyň başlygy Erik Şweýser (Eric Schweitzer), Gabriýel bilen sapara barýan resmileriň biri, bu sapary sanksiýalar zerarly eýran bilen biznes etmekden mahrum bolan günbatar kompaniýalary üçin hyjuwlandyryjy alamat diýip atlandyrdy.

Ol bu şertnamanyň diňe syýasy taýdan däl, eýsem ykdysady babatda hem düýpli öwrülişik pursaty bolandygyny aýtdy.

«German kompaniýalary indi köne biznes şäriklerine başlangyç nokatlary teklip etmegiň ýollaryny agtarar" diýip, Şweýser aýtdy.

"Haçanda [Gabriýel] şertnamalara gol çekende, ol türmelerde oturan adamlar, režimiň tankytçylary, gynalan, näletlenen adamlar hakynda pikir etmeli.
Fariborz Jabbari

Eýran bilen Germaniýanyň arasynda öňden gelýän ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklary bardy we bu gatnaşyklar sanksiýalar zerarly peselip, geçen ýyl 2.6 milliard dollar derejesine çenli aşak gaçdy. Ýogsa ol, Germaniýanyň maglumatlaryna görä, 2003-2004-nji ýyllarda 8.6 milliard dollar bolupdy.

Şweýser ikitaraplaýyn söwdanyň gelýän iki-üç ýylda dört esse ýokarlanmagynyň we 10 milliard dolardan hem aşmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

Eýran dünýäniň dördünji orundaky nebit öndürijisi, ikinji orundaky gaz öndürijisi bolup durýar.

Eýranyň nebit ministrligi bu pudagy döwrebaşlaşdyrmak üçin 100 milliard dollara çenli daşary ýurt maýasyny çekmegi niýet edinýändigini yglan etdi. Sebäbi bu pudak on ýyldan gowrak wagt bäri ýeterlik ösdürilip bilinmändi.

Hukuk toparlary german delegasiýasynyň eýranyň giňden tankyt edilýän adam hukuklary ýagdaýyny ýatdan çykarmaly däldigini ýatlatdylar.

«Serhetsiz reportýorlar» guramasynyň Germaniýa bölüminiň başlygy Christian Mihr “Bild» gazeti bilen söhbetdeşlikde «Eger Gabriýeliň saparynda ykdysady bähbitler adam hukularyndan we metbugat azatlygyndan ileri tutulsa, bu betbagtçylyk bolar» diýdi.

"Haçanda [Gabriýel] şertnamalara gol çekende, ol türmelerde oturan adamlar, režimiň tankytçylary, gynalan, näletlenen adamlar hakynda pikir etmeli" diýip, geçen ýyl Eýranda asylyp öldürilen zenan Reýhane Jabbariniň Berlinde ýaşaýan garyndaşy Fariborz Jabbari aýtdy.

Reýhane aňtaw gullugynyň ozalky ofiserini, öz aýtmagyna görä, zorlamak synanyşygyny edende goranjak bolup öldürendigi üçin asylypdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG