Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýanyň banklary gaýtadan açyldy


Adamlar Piraeus Bankynyň Iraklio şäherindäki bölüminiň açylmagyna garaşýarlar, Krit adasy, 20-nji iýun, 2015
Adamlar Piraeus Bankynyň Iraklio şäherindäki bölüminiň açylmagyna garaşýarlar, Krit adasy, 20-nji iýun, 2015

Gresiýanyň üç hepdeläp ýapyk duran banklary gaýtadan açyldy. Banklary ýapmak çäresi nagt puluň ýurduň daşyna çykarylmagynyň öňüni almak üçin görlüpdi.

Muňa garamazdan, puly nagtlaşdyrmak boýunça bar bolan çäklendirmeler saklanýar.

Gresiýanyň hökümetiniň 18-nji iýulda çap eden düzgünine görä, günde 60 ýewrodan bir hepdede 420 ýewro möçberde puly nagtlaşdyrmaga rugsat berilýär.

Ýurduň parlamentiniň salgytlary artdyrmak boýunça 16-njy iýulda kabul eden kanuny sebäpli harytlaryň gymmatlamagyna garaşylýar.

Gresiýa berlen maliýe kömeginiň möhleti dolup, Ýewropanyň Merkezi Banky maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmansoň, grek banklary 29-njy iýunda ýapylypdy.

XS
SM
MD
LG