Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-Kuba: Ilçihanalar 54 ýyldan soň gaýtadan açylýar


ABŞ we Kuba Waşingtonda we Hawanada resmi derejede öz ilçihanalaryny gaýtadan açýarlar we 54 ýyllap kesilen diplomatik gatnaşyklaryny dikeldýärler.

Kubanyň resmileri Waşingtonyň diplomatik kwartalynda ýerleşýän öz ilçihanasyna çagyrylan 500 çemesi myhmanyň gatnaşmagynda resmi derejede baýdak galdyrmak dabarasyny geçirerler.

Kubanyň daşary işler ministri Bruno Rodriguez dabara gatnaşyp, yzýany ABŞ-nyň Departamentinde döwlet sekretary John Kerri bilen duşuşar. Bu ýerde Waşington bilen resmi gatnaşyklary saklaýan beýleki ýurtlar bilen bir hatarda Kubanyň baýdagy hem ýerleşdiriler.

ABŞ Kuba bilen diplomatik gatnaşyklaryny 1961-nji ýylda, Hawana garşy söwda, ykdysady we maliýe gadagançylyklaryny girizmeginiň yzýany togtadypdy.

XS
SM
MD
LG