Sepleriň elýeterliligi

Liwiýada Italiýanyň raýatlary ogurlandy


Italiýanyň Daşary işler ministrligine görä, dört italiýaly gurluşyk işgäri Liwiýada ogurlanypdyr.

“Bonatti” gurluşyk şirketiniň bu işgärleri Italiýanyň “Eni” energiýa kompaniýasynyň eýeçiligindäki senagat toplumynyň golaýynda Mellitah şäherinde 19-njy iýulda ogurlandy.

Italiýa öňki koloniýasy Liwiýadaky öz ilçihanasyny 15-nji fewralda ýapypdy we öz raýatlaryny ýurdy terk etmäge çagyrypdy.

Italiýanyň köp sanly raýaty Liwiýanyň nebit, gaz we gurluşyk pudaklarynda işleýär.

Liwiýa uzak wagtlap ýolbaşçylyk eden Muammar Kaddafi 2011-nji ýylda häkimiýet başyndan çetleşdirilensoň, ýurtda durnuksyzlyk dowam edýär.

Demirgazyk Afrikanyň nebite baý bu ýurt häzirki wagtda gapma-garşylykly ýaragly toparlaryň goldamagyndaky iki bäsdeş hökümetiň arasynda bölünýär.

XS
SM
MD
LG