Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Öňki kanun çykaryjy tussag edildi


Gyrgyzystanyň öňki kanun çykaryjysy “Yslam döwleti” topary bilen bagly söweşijileri ýarag bilen üpjün etmekde güman edilip, ýurdy terk etjek bolan wagty tussag edildi.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň 20-nji iýulda ýaýradan beýannamasynda ‘Jenap K.M.K. – “Ak Ýol” partiýasyna wekilçilik eden öňki kanun çykaryjy Bişkegiň halkara aeroportunda ir sagat 4:00 Gyrgyzystany terk etmäge synanyşanda tussag edildi” diýlip, habar berildi.

Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetindäki çeşmeleriň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, beýannamada agzalan adam Maksat Kunakulow.

“Ak Ýol” partiýasy Gyrgyzystanyň parlamentinde 2007-2010-njy ýyllaryň aralygynda işläpdi we öňki prezident Kurmanbek Bakiýew tarapyndan esaslandyrylypdy. Partiýa Bakiýewiň hökümeti 2010-njy ýylda protestleriň netijesinde agdarylanda häkimiýet başynda bolupdy.

Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň beýannamasynda tussag edilen öňki kanun çykaryjynyň geçen hepdede terrora garşy çäreleriň netijesinde “Yslam döwleti” toparynyň nyşana alnan agzalaryna maliýe goldaw bermekde aýyplanýandygy we söweşijileri azyndan iki "Kalaşnikow" awtomaty bilen üpjün etmekde aýyplanýandygy aýdyldy.

XS
SM
MD
LG