Sepleriň elýeterliligi

logo-print

'Ýyllyk zähmedim bir aýlyk eklenç bermeýär'


Galla oragy, Türkmenistan, 13-nji iýul, 2015.

Galla oragy, Türkmenistan, 13-nji iýul, 2015.

Türkmenistan galla baýramyny belledi. Şu ýyl ýurtda 1 million 400 müň tonna galla hasylynyň ýygnalandygy resmi maglumatlarda habar berildi. Plan boýunça, 1 million 600 müň tonna bugdaýyň alynmalydygy aýdylypdy.

Türkmenistanda döwlet tarapyndan uly dabara bilen galla baýramy bellenýärkä, käbir daýhanlar galla önümçiliginden alýan girdejisiniň eklenç üçin ýetmeýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Mary welaýatyndan Oraz Sähet bir ýyllyk zähmet girdejisiniň bir aýlap eklenmek üçin ýetmeýändigini gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG