Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik metbugatynyň "YD"-e garşy ýaragy


Täjigistanyň döwlet metbugaty "YD" ýaragly topary bilen baglanyşykly materiallary halk köpçüligine birinji orunda ýaýradýarlar.
Täjigistanyň döwlet metbugaty "YD" ýaragly topary bilen baglanyşykly materiallary halk köpçüligine birinji orunda ýaýradýarlar.

Gul söwdasy, çagalaryň öldürilmegi, zenanlaryň mertebesiniň depgilenmegi we "Yslam döwleti" (YD) ýaragly toparynyň onlarça söweşijisiniň ölmegi – ynha, şeýle temalar soňky döwürlerde Täjigistanyň döwlet metbugatynyň üns merkezinde.

Döwlet metbugaty "YD" ýaragly topary bilen baglanyşykly materiallary halk köpçüligine birinji orunda ýaýradýarlar. "Howar" atly döwlet habar gullugynyň her 30 habarynyň 10-sy "YD" ýaragly topary ýa-da beýleki ekstremistik toparlar bilen baglanyşykly. Şol bir wagtyň özünde "Howar" gullugy bir aý owal munuň bilen baglanyşykly esasy bir özgerişi ünsden düşürdi.

Adam öldürmek we täjik ýaşlarynyň ekstremistik toparlara goşulmagy babatda döwlet metbugatynda berlen materiallardan soňra geçen aý metbugat organlarynyň aglabasynyň ýolbaşçylary çalşyldy.

Täjigistanyň "Howar" atly döwlet milli habar gullugynyň başlygy Zarobiddin Kosimi Azatlyk Radiosy bilen geçiren söhbetdeşliginde, işiň tilsimleriniň üýtgemegini döwrüň hem dünýäniňözgerişleri talap edendigini belläpdir. Onuň aýtmagyna görä, şeýle temadaky materiallaryň ýaýradylmagy, ekstremistik toparlar babatda hüşgär bolunmagy hem olar barasynda ätiýaçly karar kabul edilmegi üçin halka duýduryş manysyny berýändir.

Kosimi, şeýle wezipä golaýda saýlanypdyr. Ol metbugat söweşinde has ýokary derejede orun almaga dalaş edýär.

"Biz, dogduk diýarymyzyň howpsuzlygy bilen asudalygynyň doly üpjün edilmegi üçin metbugat söweşine ummasyz maýa goýmak üçin alada edýäris. Şeýle materiallaryň ýaýradylmagynyň halk köpçüliginiň pikrine oňaýly täsir etjekdigine ynanýaryn. Haçan-da urşuň täsirlerini öz gözleri bilen gören mahaly, ana şonda ýagdaýa gowy düşünýärler. Owalky nesiller durnuksyzlygyň nähili netije berýändigine gaty gowy düşünýärler. Ýöne ýaş nesiller şol ýurtlarda şeýle toparlar sebäpli bolup geçýän ýagdaýlaryň diýseň ýaramaz täsir galdyrýandygyna düşünmeýärler". diýip, "Howar" atly döwlet habar gullugynyň täze başlygy belleýär.

Holiknazarow: Metbugat söweşi möwjeýär

Döwlet metbugat organlary ýaşlaryň "Yslam döwleti Yrak we Lewant" (YD) toparyna goşulmagyna garşy çykyş edýärler. Resmi maglumatlara görä, 400-den köpräk täjik ýaşlary ol uruşda söweşýärler we Täjigistanyň 120-den gowrak raýaty Siriýa bilen Yragyň çäklerinde öldürilipdir.

"YD"-niň tarapdarlary sosial mediada örän işjeň hereket edýärler we her gün öz sahypalarynda ors hem täjik dillerinde onlarça propaganda wideo materiallary ýaýradýarlar. Olar öz hataryna has köp täjik ýaşlaryny çekmek maksady bilen täjik dilindäki öz radio, telewideniýe hem internet kanallaryny has işjeň ýagdaýa getiripdirler.

Hudoýberdi Holiknazar
Hudoýberdi Holiknazar

Täjigigistan respublikasynyň prezidentiniň Strategiki barlaglar merkeziniň başlygy Hudoýberdi Holiknazaryň aýtmagyna görä, "Yslam döwleti Yrak we Lewant" (YD) topary, sosial mediany diýseň işjeň ulanýan az sanly terror guramalarynyň biridir.

Holiknazar "Terrorçylar uruş we gandöküşikler babatdaky wideo materiallary ýaýratmak bilen ýaşlaryň ünsüni özüne has köp çekmegi maksat edinýärler. Şonuň üçinem metbugat söweşi gün saýyn möwjeýär. Ekstremistleriň öz maksatlaryny beýan edýän materiallary ýaýratmagy, biziň garşylyklaýyn alyp barýan metbugat göreşimize gowy täsir edýär. Biz bu urşuň we oňa gatnaşmagyň manysyzdygyny ýaşlaryň aňyna guýmagy başarmalydyrys" diýip nygtaýar.

Haçan-da jyhatçy zenan üç äre eýe bolanda...

Duşanbäniň köçelerinde gürrüňdeşlik geçirilen adamlaryň köpüsi döwlet teleýaýlymlaryna seredýändiklerini aýdyp, dogrudanam, goýberilýän materiallaryň täsirinde galýandyklaryny nygtapdyrlar.

23 ýaşyndaky Azim atly bir ýaş ýigit golaýda Täjigistanyň döwlet teleýaýlymynda, Täjigistanda iki äri bolan bir aýalyň Siriýa gidip, ol ýerde üçünji gezek äre barandygy barada bir materiala tomaşa edendigini gürrüň beripdir. Onuň aýtmagyna görä, şeýle materiala tomaşa edenden soň "jyhada" gidýänler onuň gözüne erbet görünmäge başlapdyr.

"Ynha, mundan şeýle bir nietije çykarmak mümkin, ýagny ekstremistik toparlara goşulýan ýaşlar ýeterlik sowatly däl. Biz Siriýada jyhadyň bolgusyzlykdygyna düşündik. Olaryň hemmesi o taýda öldüriler we olaryň aýallary bilen çagalary bolsa çykgynsyz ýagdaýa düşerler. Teleýaýlymlar bilen internetdäki materiallardan, ynha, biz şeýle netije çykardyk".

Ýaşlaryň ýene bir topary bolsa özüni "Yslam döwleti" diýip atlandyrýan topar tarapyndan adamlaryň kellesiniň kesilmeginiň zalymlygyň hem ýigrenjiň alamatydygyna ünsi çekip, bu ýagdaýyň özlerini biynjalyk edýändigini aýdypdyr. Biziň Firuz atly gürrüňdeşimiz şeýle diýýär: "Olaryň edýän ýumrulşygy we adam öldürişi, adamlary ürküzýär. Olara tomaşa edýänlerde gorky emele gelýär. Hudaý saklasyn, olar ýalylar biziň ýurdumyza bir gelmäwersin! Eger geläýseler, biz näme ederis? Biz olaryň hemmesiniň öldürilmegini we olaryň aýagynyň bärik sekdirilmezligini isleýäris".

Gürrüňdeşleriň arasynda iş-güýç sebäpli internet sahypalaryna seretmäge mümkinçilik tapmaýandygyny aýdanlaram boldy. Gürrüňdeşimiz Döwletaly özüniň irden agşama çenli bazarda işleýändigini, şonuň üçinem teleýaýlyma tomaşa etmäge mümkinçiliginiň ýokdugyny bildirdi. Onuň aýtmagyna görä, ýaşlar edil özi ýaly iş bilen gümra bolan bolsalar, onda olaryň kellesine hiç haçan şeýle ekstremistik toparlara goşulmak pikiri gelmezdi.

XS
SM
MD
LG