Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Fransiýa: Fabius Eýrana sapar eder


Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius indiki hepdede Eýrana “ähli meseleler boýunça” sapar etjekdigini yglan etdi.

Fabiusyň Fransiýanyň radiosyna 21-nji iýulda aýtmagyna görä, ol saparynyň dowamynda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen duşuşar. Fabiusyň Eýrana sapary Tähranyň we Britaniýany, Hytaýy, Fransiýany, Germaniýany, Orsýeti hem ABŞ-ny öz içine alýan dünýäniň iň täsirli alty ýurdunyň arasynda ýadro meselesi boýunça öwrülişikli ylalaşyga gol çekilmeginiň yzýanyna gabat gelýär.

Fabiusyň kömekçileriniň “Frans Press” (AFP) agentligine aýtmagyna görä, saparyň 29-njy iýulda geçirilmegi mümkin.

Wenada 14-nji iýulda gelnen ylalaşyga laýyklykda, Eýranyň ykdysadyýetine päsgel berýän sanksiýalar yzygiderli aradan aýrylar, Tähran bolsa ýadro programmasyny uzak wagtlyk çäklendirer.

Germaniýanyň ykdysadyýet ministri Sigmar Gabrieliň öz ýurdy tarapyndan Eýrana 13 ýylyň dowamynda ýokary derejeli ikinji saparynda 20-nji iýulda aýtmagyna görä, uzak wagt bäri hereketsiz galýan german-eýran ykdysady komissiýasynyň ministrler derejesindäki duşuşygy Tähranda 2016-njy ýylda geçiriler.

XS
SM
MD
LG