Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kerri: Eýran sanksiýalary 6 aýdan soň gowşadylyp bilner


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Eýranyň garşysyna girizilen halkara sanksiýalary gowşatmaga ýene 6 aýdan başlap bolar diýýär.

"Eýranyň etmeli işleri bar, Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň hem etmeli işleri bar. Sanksiýalary gowşatmaga başlamazdan öň bu zatlaryň ählisi çözülmeli" diýip, Kerri "Amerikanyň Sesi" VOA-nyň pars dilindäki habar ulgamyna beren interwýusynda aýtdy.

Kerriniň 21-nji iýulda neşir edilen interwýusynda çaklamagyna görä bu işe başlanmagyna ýene 6 aý wagt gerek bolar.

"Belli bir zady aýtmak kyn. Ýöne 6 aý ýa şolar ýaly möhlete seretmeli bolar. Bu näme zatlaryň boljagyna bagly. Emma men ondan bärde köp zat bolar öýdemok".

Sanksiýalar ýatyrylmazyndan öň Eýrandan daşarda hem köp zatlar bolmaly.

Mysal üçin, amerikan Kongresiniň ylalaşyk barada ses bermek üçin 60 gün möhleti bar. Ylalaşygyň oňlanmazlygynyň prezident Barak Obama bilen uzaga çekjek weto göreşine getirmegi mümkin.

Döwlet departamenti gözden geçirmegi üçin ylalaşygy 19-njy iýulda Kongrese iberendigini aýdýar.

Kerri 20-nji iýulda "VOA" bilen söhbetdeşlikde ylalaşygyň geljegi basym belli bolar diýdi.

"Meniň pikirimçe, bu ylalaşygyň amala aşyp-aşmajagyny adamlar sentýabrda bilerler, şu bir möhüm möhlet".

Amerikanyň döwlet sekretarynyň interwýu beren güni Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi hem Eýran bilen ylalaşygy biragyzdan makullady.

Howpsuzlyk Geňeşiniň 5 agzasy - Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Fransiýa, Hytaý, Orsýet - goşmak Germaniýa 14-nji iýulda Wenada Tähran bilen sanksiýalary gowşatmagyň öwezine Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek barada ylalaşandyklaryny mälim etdiler.

Prezident Obama BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ylalaşygy makullamagyny taryplap, bu ylalaşygyň halkara derejesinde goldalýandygyny görkezýär diýdi.

Kongresiň ylalaşyga şübheli garaýan agzalary bolsa Ak tamy ylalaşyk barada ilki özleriniň däl-de, eýse Birleşen Milletler Guramasynyň pikirini soranlygy üçin tankytladylar.

Kongresiň iki öýüne-de kontrollyk edýän Respublikanlar BMG-niň ses berişligini, onuň Kongresiň ylalaşyga garamagyndan öň bolanlygy üçin, "amerikan halkyny kemsitmek" diýip häsiýetlendirdiler.

Käbir agzalarynyň Tähran bilen söwda gatnaşyklaryny täzeden ýola goýmagy bilen Ýewropa Bileleşigi hem ylalaşygy 21-nji iýulda oňlady.

Fransiýanyň daşary işler ministri Lawrent Fabius 21-nji iýulda özüniň geljek hepde Tährana sapar etjekdigini aýtdy.

"Eýranly kärdeşim jenap [Mohammad Jawad Zarif] meni çagyrdy. Ol meni ozal çagyranda gitmedim. Ýöne indi hemme zat ýerbe-ýer, gidip bolar diýip pikir edýärin. Men ähli temalar hakda pikir alyşmakçy" diýp, Fabius bir fransuz radiosyna aýtdy.

Ol soňra hem özüniň prezident Hasan Rohani bilen hem gürleşjekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Hytaýyň daşary işler ministrliginiň bildirmegine görä, ýurduň prezidenti Xi Jinping 21-nji iýulda prezident Obama ylalaşygyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmekde Pekiniň Birleşen Ştatlary goldajakdygyny aýdypdyr.

Ýöne Orta Gündogaryň käbir ýurtlary, şol sanda Ysraýyl bilen Saud Arabystany ylalaşyga henizem berk garşy.

18-nji iýulda Eýranyň ýokary ýolbaşçysy aýatolla Ali Hameneýi ýadro ylalaşygy Tähranyň Birleşen Ştatlaryň "gedem" hökümeti baradaky syýasatyny üýtgetmez diýdi.

Eýranda ýadro ylalaşygyny ilki ýurduň Milli howpsuzlyk geňeşi, soňra hem aýatolla Hameneýi oňlamaly.

XS
SM
MD
LG