Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halal turizm - ýapyk howuz, germewli deňiz


Hyjaply zenan
Hyjaply zenan

"Hanym, bagyşlaň welin, hemişe siziň ýaly bürenjekli zenanlary görenimde, tomusda bular deňze gidýärmikä diýen pikir kelläme gelýär? Deňizde nähili ýagdaýda suwa düşýärsiňiz? Alla mertebäňizi saklasyn, men muny diňe gyzyklanyp soraýan".

Şeýle sowaly jokrama yssy tomus günleriniň birinde Bakuwdaky seýilgähde oturan orta ýaşdaky, ýeňsiz köýnekli, elindäki ýalygy bilen ýygy-ýygydan ýüzüni ýelpeýän zenan ýanynda oturan bürenjekli ýaş zenandan soraýar. Ýaş zenan bolsa gülümsiräp: "Näme üçin gaty göreýin, deňze-de gidýän, suwa-da düşýän, süýnüp ýatyp güne-de ýanýan" diýip, jogap berýär.

Bürenjekli zenanlar üçin ýapyk howzam bar, germewli ýapyk deňzem

Ol näçe köp gürrüň berse, orta ýaşly zenanyň aňynda şonça-da köp sowal döreýär. Ýaş zenanyň aýtmagyna görä, olar 3 ýyldan bäri adamsy we 3 sany çagasy bilen Türkiýedäki dynç alyş ýerleriniň birinde dynç alýarlar ekeni. "Ýapyk howzam bar, hatda bize laýyk germewli ýapyk deňzem bar. Ol ýerde şeýle myhmanhanalar gaty köp. Allajan, nesip etse, Oraza baýramyndan soň bu ýyl hem Antaliýada dynç almagy göz öňünde tutýarys".

Bürenjekli zenanyň aýtmagyna görä, öz tanaýan ençeme dindar maşgalalary şeýle dynç alyş ýerlerini saýlap alýarlar.

Azerbaýjanyň kenar ýakasyndaky dynç alyş merkezlerinde bolsa şeýle aýratynlygy bolan dynç alyş ýerleri ýok.

Halal turizmmi?

Häzirki döwürde halal turizm Malaýziýada, Bahreýnde, Müsürde we Türkiýede diýseň ösýär. Türkiýede bolsa şeýle biznes soňky 3-4 ýyldan bäri ýaýbaňlanýar. Muňa "Halal turizm" diýip at berýärler. Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan konserwatiw musulmanlar, ynha, şeýle dynç alyş ýerlerini saýlap alýarlar. Halal turizm şahadatnamasyny almak üçin onlarça myhmanhana nobata dur.

Merkezi Malaýziýada ýerleşýän Bütündünýä halal bileleşiginiň başlygy Ahmet Geliriň bellemegine görä, halal turizmi hasam ösdürmek bilen Türkiýe 2023-nji ýylda göz öňünde tutýan 50 million turisti kabul etmek maksadyna ýetip biler. Şeýle-de halal turizme maýa goýmak we turizmiň bu ugruny tanatmak bilen Türkiýe 10 milliard dollar girdeji gazanyp biler.

Segsene golaý halal myhmanhana

Türkiýede halal turizm bilen meşgullanýan onlarça myhmanhana bar. Şeýle myhmanhanalar öz müşderilerine ýekeje-de alkagolly içgi hödürlemeýärler. Olarda zenanlar üçin bolsa özbaşdak ýapyk howuzlar, germewli ýapyk plýažlar hem metjitler bar. Olarda şowhun-şagalaňlar hem yslamy kadalara görä gurnalýar. 2002-nji ýylda Türkiýede şeýle myhmanhanalaryň sany 5 sany bolan bolsa, häzir olaryň sany 80-ne golaý. Şeýle myhmanhanalaryň müşderileriniň aglabasy daşary ýurtlardan gelýänler. Başy açyk, ýöne erkek adamlaryň bolmaýan ýerlerinde dynç almak isleýän zenanlar hem şeýle myhmanhanalara dynç alşa gelýärler.

Halal myhmanhananyň şertleri

Şeýle myhmanhanalarda zenanlar we erkek adamlar üçin aýratyn howuzlar we plýažlar bar. SPA merkezleri hem zenanlara ýa erkekler niýetlenendigine görä tapawutlanýar. Olarda alkagolly içgiler berilmeýär. Ähli azyk önümleri we goş-golaňlar halal standartlara bap gelýän ýagdaýda bolýar. Oraza aýynda müşderiler agyz açandan soň deňizde dynç alar ýaly plýažlar ýörite çyralar bilen ýagtylandyrylýar.

Türkiýede halal şahadatnamasyny alan ilkinji myhmanhana bolsa Antaliýa welaýatynyň Alaniýa etrabynda ýerleşýän ”Adena” otelidir. Oteliň işgärniň aýtmagyna görä, Adena otelinde eger haýsam bolsa bir ýerde zenanlar üçin diýip ýazylan bolsa "ol ýere erkek çybynam girip bilmez". Myhmanhanada zenanlar üçin bäş sany ýörite howuz bar. Ol howuzlarda aýdym aýdyp, tans edýän zenanlary görmek bolýar. Ol ýerdäki ýörite plýažlarda zenanlar adaty plýažlarda adaty zenanlaryň geýýän plýaž eginbaşlaryny geýýärler. Sebäbi ol ýerde keseki biriniň gözi düşmeýändigi üçin bürenjek ýa-da hyjap geýinmegiň geregi ýok. Şeýle myhmanhanalarda zenanlar üçin ýörite germewli ýapyk deňizler hem bar. Plýažyň gumy Müsürden ýörite getirilipdir. Kenarýaka 5-10 metrlik meýdana eýe. Eýse, ol ýerde deňziň bu bölegini nähili ýapýarlar? Açyk deňze çykylýan ýer ullakan ýelkenler bilen berkidilip, ýapylan. Şonuň üçinem zenanlar arkaýyn suwa düşýärler.

Plýaž - diňe zenanlar üçin

Myhmanhanalardan daşgary indi Antaliýada şäher häkimligi hem diňe zenanlar üçin niýetlenen ýörite plýažlar hem döredipdir. Käbir zenan guramalary bu ýagdaýa garşy protestler geçirenem bolsa, ýörite zenanlar plýažy 2014-nji ýylyň awgustynda ulanylmaga berlipdir.

Azerbaýjandaky musulmanlara näme hödürlenýär?

Azerbaýjanda ýurduň hiç bir ýerinde "halal turizm" diýlen bir garaýyş ýok. Şonuň üçinem ýerli turizm kärhanalary Malaýziýa, Bahreýn, Müsür we Türkiýe ýaly ýurtlardaky ýörite myhmanhanalary hödürleýärler.

Bakuwdaky "R&R Travel Company" atly gezelenç kärhanasy şu ýyldan başlap Bakuwda halal turizmi hödürlemäge başlan ýeke-täk turizm firmasydyr. Kärhananyň işgäri Tural Aliýew, Azatlyk Radiosyna şeýle maglumat berýär: "Ýerli müşderilere daşary ýurtlarda halal önümler, şerigat kadalaryna görä soýlan mallardan taýýarlanan naharlary hem hyzmatlary hödürleýän myhmanhanalary teklip edýäris. Şeýle myhmanhanalarda alkagolly içgiler, dinde haram hasaplanýan iýmitler bolmaýar. Şonuň ýaly-da olaryň hemmesinde ýörite metjit hem namaz otaglary bar. Gezelençlerde yslam taryhy bilen baglanyşykly zyýaratlar gurnalýar. Hatda şowhun-şagalaň çäreleri hem yslamyň esasyna görä taýýarlanyp, geçirilýär".

Dört adamlyk maşgala 866 azerbaýjan manadyna bäş gije-gündiz dynç alyp bilýär

Bahalar barasynda bolsa Tural Aliýew, myhmanhanalaryň ýyldyzyna we näçe gije galynjagyna bagly ýagdaýda üýtgeýändigini belläp, şeýle maglumat berýär: "Bu halal myhmanhanalaryň arasynda 5, 4 hem 3 ýyldyzlylary bar. Bahalar pasla we aýlara görä tapawut edýär. Meselem, eger bir ene-ata 2 we 6 ýaşyndaky çagalary bilen 20-nji iýuldan 25-nji iýula çenli 5 gije-gündiz 5 ýyldyzly ”Adenýa” otelinde dynç aljak bolsa, onda 2388 Azerbaýjan manadyny tölemeli. Antaliýada 5 ýyldyzly myhmanhana 1428, Alaniýada bolsa 1159 azerbaýjan manadyna barabar. Dört adamlyk maşgala üçin 3 ýyldyzly myhmanhanalaryň bahalary bolsa 866 azerbaýjan manadyna barabar.

"Men hyjaply aýal. Ýöne menem deňizde suwa düşmegi, çagalarym bilen kenarda gummajäjek oýnamagy halaýaryn. Şonuň üçinem halal myhmanhanalary saýlap alýaryn". Şeýle sözleri sosial ulgamda hyjaply zenanlaryň biri ýazypdyr. Başga biri bolsa oňa şeýle jogap ýazypdyr: "Näme üçin bolmasyn? Puluň bar bolsa, deňzem seniň üçin hyjap geýer".

XS
SM
MD
LG