Sepleriň elýeterliligi

Daglyk-Badahşan: Ýedi adam wepat boldy


Daglyk Badahşan

Daglyk Badahşan

Täjigistanyň Daglyk Badahşan regionynda daglardaky buzlaryň eremeginiň netijesinde dörän suw joşguny soňky günlerde azyndan ýedi adamyň ölümine sebäp boldy.

Daglyk-Badahşan awtonom regionynyň administrasiýasynyň metbugat-wekili Nilufar Aslamşoewanyň AÝ/AR-nyň Täjik gullugyna 21-nji iýulda aýtmagyna görä, premýer-ministriň orunbasary Azim Ibrohim we regionyň häkimi Şodihon Jamşed Wanh etrabyna barypdyr. Bu ýerde suwuň joşmagy we ýeriň süýşmegi zerarly 70 çemesi jaý ýumruldy, elektrik liniýalary we suwaryş desgalary zaýalandy.

Jaýsyz galan maşgalalar wagtlaýyn döredilen penalarda ýerleşdirildi.

Premýer-ministr Kohir Rasulzoda tebigy betbagtçylygyň 50 million amerikan dollary möçberinde zyýan ýetirendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG