Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Ukrainaly režissýor sud edilýär


Oleh Sensow, Moskwanyň sudunda, 26-nji dekabr, 2014

Oleh Sensow, Moskwanyň sudunda, 26-nji dekabr, 2014

Orsýetiň Rostow-na-Donu şäherinde ukrainaly kinorežissýor Oleh Sensowyň sud diňlenişigi başlandy.

Sentsow Ukrainanyň ýene üç raýaty bilen bilelikde Ukrainanyň Krym ýarymadasynda terrorçylykly hüjümi planlaşdyrmakda güman edilip, 2014-nji ýylyň maý aýynda tussag edilipdi.

Sentsow terrorçy topary döretmekde, terrorçylykly hüjümleri planlaşdyrmakda we partlaýjy serişdeleri bikanun satyn almakda günälenýär.

Ol özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär.

Eger sud Sentsowy günäli tapsa oňa 20 ýyla çenli türme tussaglygy garaşýar.

XS
SM
MD
LG