Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkýe Siriýa bilen serhedini berkidýär


Suruç şäheri, Türkiýe
Suruç şäheri, Türkiýe

Türkiýe janyndan geçen hüjümçiniň bombany partladyp, azyndan 30 adamy öldürmeginiň we 100 çemesi adamy ýaralamagynyň yzýany Siriýa bilen öz serhedini pugtalandyryp başlady.

20-nji iýulda bolan bomba partlamasy Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky Suruç

Şäherinde medeni merkeze zarba urdy. Bu ýerde ýaş kürt aktiwistleri goňşy Siriýanyň Kobani şäherini gaýtadan gurmak planlary boýunça metbugat-konferensiýasyny geçirýärdi.

Kobani “Yslam döwleti” toparynyň agzalarynyň we kürt söweşijileriniň arasyndaky güýçli söweşleriň merkezi.

Premýer-ministr Ahmet Dawutoglu deslapky derňewleriň hüjümde “YD” toparynyň eli bar, diýlen netijä gelendigini aýtdy.

Stambulda polisiýa kürt protestçileriň demonstrasiýasyny dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazy, suw pürküji gurallary we rezin oklary ulandy. Protestçiler hüjümde Türkiýäniň hökümetini aýypladylar.

XS
SM
MD
LG