Sepleriň elýeterliligi

Özbek generaly tussag edildi


Özbegistanyň öňki ýokary derejeli howpsuzlyk resmisi türmä basyldy, ol öz wezipesi boýunça prezidentiň gyzy Gülnara Kerimowanyň işjeňlikleriniň korrupsiýa derňewine gözegçilik edipdi.

Milli howpsuzlyk gullugynyň ozalky birinji orunbasary, general Haýot Şarifhojaýew Kerimowanyň işiniň derňewi bilen baglylykda kanuny derňewe uçran resmileriň diňe soňkusydyr.

Şol bir wagtda bu wakanyň Kerimowanyň işine göni dahyllydygy aýdyň däl.

Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy general Şarifhojaýewiň geçen hepde, korrupsiýa aýyplamalary esasynda tussag edilendigini anyklady.

Şarifhojaýew aprel aýynda wezipesinde boşadylyp, Milli howpsuzlyk gullugynyň Daşkentdäki mekdebine mugallymçylyga geçirilipdi.

XS
SM
MD
LG